“Protokol” köçeleriň ýaşaýjylary günde dört sagatlap hereketleriniň çäklendirilýändigini aýdýar

“Protokol” köçeleriň ýaşaýjylary günde dört sagatlap hereketleriniň çäklendirilýändigini aýdýar

Aşgabadyň “protokol” diýilýän merkezi köçeleriniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň ençeme ýaşaýjysy bu ýerde ýaşamagyň aýdan-aýa kynlaşýandygyny aýdýar. Olar munuň sebäbini öz köçelerinden geçýän prezidentiň ulag kerweniniň özleriniň gündelik durmuşynda dürli kynçylyklary döredýändigi bilen düşündirýärler. Bu barada ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.

“Prezidentiň kerweni her gün ýa-da günaşa iki gezek köçämizden geçýär. Öňki ýyllarda köçämiz we oňa ýanaşyk köçeler, şeýle-de beýleki merkezi köçeler prezidentiň geçmeli wagtyndan bir sagat çemesi öň ýapylýardy. Soňky aýlarda howpsuzlyk işgärleri köçeleri prezidentiň geçmeli wagtyndan iki sagat öň ýapyp başlaýarlar” diýip, merkezi köçeleriň biriniň ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy, Bitaraplyk, Arçabil şaýollarynyň we Nurmuhammet Andalyp köçeleriniň ýaşaýjylary bu ýagdaý zerarly özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan çäklendirmeleriniň möhletiniň hem uzandygyny aýdýar.

“Göz öňüne getirip görüň, irden iki sagat we agşamara ýene iki sagatlap köçeler ýapylsa, bu hereketimiziň günde azyndan dört sagatlap çäklendirilýändigini aňladýar. Sebäbi köçeler ýapylanda, ulag, ynsan we jandar ýöremek gadagan edilýär. Hereket doly çäklendirilýär” diýip, başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Şeýle-de, ýaşaýjylara dört sagadyň dowamynda öýleriniň penjirelerini we tutularyny açmaklyk, ýapyk äpişgeden perdäni açyp seretmeklik hem gadagan edilýär.

“Öýe zerur bolan azyk harytlaryny ýa-da derman satyn almak üçin jaýdan daşary çykmaga hem rugsat berilmeýär.Eger gije nobatçylyk çekip, irden öýüňe gaýdyp geleniňde, şol wagta gabat gelseň, öýüňe girip bilmeýärsiň.

Sebäbi güýç gulluklarynyň işgärleri tarapyndan gabat gelen jaýyň girelgesine salynýarsyň we mejbury gabalyp galýarsyň.Iki sagatlap keseki jaýyň girelgesinde durmaly bolýar.Eger hajathana zerurlyklary ýüze çyksa, şol jaýyň birinji gatyndaky ýaşaýjylara haýyş bilen ýüz tutmaga mejbur bolýarsyň” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk prezidentiň kerweniniň köçeden geçmegi bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň nirede ýaşaýandygy barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Ýöne onuň ulag kerweniniň “protokol” köçelerden geçip, Türkmenistanyň prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna barýandygy we munuň bilen bagly köçeleriň günde iki gezek irden we agşamara ýapylýandygy barada Azatlygyň habarçylary ýyllarboýy maglumat berip gelýärler.

Habarçylarymyz bu döwürde paýtagtyň beýleki köçelerinde ulag dykynlarynyň emele gelýändigini, “protokol” köçelerden geçip bilmeýän ulag sürüjileriniň şäheriň galan köçelerine geçip, barjak ýerine aşmaga çalyşýandygyny hem aýdýarlar.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri prezidentiň ulag kerweniniň ilata ýetirýän täsirleri, şol sanda kynçylyklary barada hiç hili mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanda ençeme türkmen migranty saklandy
Türkmenistanyň prezidenti BAE-niň delegasiýasyny kabul etdi
BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Özbegistan bilen serhetleri anyklamak baradaky meseleler maslahatlaşyldy