Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetinde ömrüni bioköpdürlüligi öwrenmek ylmyna bagş eden zoolog, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar Anwerowiç Rustamow bilen duşuşyk geçirildi.Alym golaýda Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan gaýdyp geldi.
Ylmy saparyň netijeleri we üýtgeşik maglumatlar talyplar zoologiýa gurnagynyň agzalary bilen duşuşygyň esasy temasy boldy. - Saparyň dowamynda Garagum endemiklerine: çürçürä, diňe Günorta we Merkezi Garagumda ýaşaýan, Gyzyl kitaba girizilen Zarudnynyň çöl serçesine gabat gelindi.
Oturymlylaryndan çöl gargasy, akganat daşdeşen, baýguş, mollatorgaý, buhara jikjikisi göze ildi.Garagumda duşýan guşlaryň 238 görnüşinden goraghananyň çäklerinde jemi 198 görnüşi ýaşaýar diýip alym gürrüň berdi.TDU alymyň ylym mekdebi boldy: bu ýerde ilki bilim aldy, soň sapak berdi, zoologiýa gurnagyna ýolbaşçylyk etdi. Ýurduň dürli künjeklerinde bolup, ylymdaky ilkinji ädimleri, guşlary, süýrenijileri we beýleki jandarlary öwrenen döwri şol döwrüň talyplarynyň ýadynda galan bolsa gerek.
Ylmy işiniň ýubileý ýyly bu ýeriň ylmy barlaglar üçin saýlanyp alynmagy tötänlik däldi: ýarym asyr mundan ozal onunjy synp okuwçysy Eldar Rustamow kakasy, döwrüniň ajaýyp biology Anwer Keýuşewiç Rustamowyň maslahaty bilen ilkinji gezek Repetege gidip gördi, bu bolsa onuň hünärini saýlamagyna sebäp boldy. -Çagalykda men surata düşürmegi we kino üçin surata almagy gowy görýärdim , - diýip Eldar Anwerowiç ýatlaýar.
Men Aşgabadyň ýaşajyk tehnikler stansiýasyna gatnaýardym we şol wagtlar meşhur “Kinosyýahatçylar kluby” telegepleşiginiň täsirine düşüpdim. Ýöne 1969-njy ýylyň baharynda ilkinji gezek Repetekde bolanymdan soň bar zat düýpgöter üýtgedi.
Ornitolog Öwez Sopyýew saparda maňa halypaçylyk etdi.Uzaga çeken, gaty aýazly we köp gar ýagan şol ýylyň gyşyndan soň baharda tebigat doly jana gelip ýetişmändi - käýerlerde gum depeleriniň eňňitlerinde gar üýşmekleri bar ekeni. Öwez Sopyýewiç sapara “Tair 3M” surata düşürýän kamera we 16 millimetrlik “Krasnogorsk” kinokamerasyny alypdy.
Ol enjam şol döwürde has kämil hasaplanýardy, biz goraghananyň demirgazyk we günorta sazaklyklaryna aýlanypdyk.Hindi garasaryny, başga-da ençeme guşlary surat düşürmek üçin eden işlerimiz göwnümi göteripdi.Melemtil-sary hüwüjigi, baýguşy, buhara jikjikisini we şalkyguýrugy, mollatorgaýy, hüýpüpigi, akganat daşdeşeni, depe syçançysyny surata düşüripdik, towşana syn edipdik.
Gum pişigine duşmagym bolsa Türkmenistanyň ýabany pişikler dünýäsini öwrenmegime sebäp bolupdy, soňra ilkinji ýyllyk referatym şoňa bagyşlanypdy. -1969-njy ýyldaky şol ýatdan çykmajak saparym ylmy barlaglara baý boldy, - diýip alym ýatlaýar. - Goraghananyň demir ýol stansiýaly Repetek şäherçesi meniň üçin uç-gyraksyz çölde galan kiçijik jülge ýaly bir zatdy. Üýtgeşik sazak jeňňelikleri bilen gurşalan ýabany tebigata düşen ýlay bolýarsyň. Ömründe bir gezek Garaguma baryp görenlerde şeýle duýgy döreýän bolsa gerek... Şeýdip men çöle ömürlik aşyk boldum.
Elbetde, zoologiýadan başga hünäriň pikirinem edip bilemokdym.Soňra günorta Garagumda ençeme gezek boldum, umuman elli ýylyň dowamynda ýurdumyzyň goraghanalarynyň dokuzysynyň ählisine baryp gördüm, Merkezi Aziýa sebitiniň tebigy obýektlerine, şeýle hem Gyzylgum (Özbegistan), Üstýurt (Gazagystan), Gobi (Mongoliýa), Deşte-Kewir we Deşte-Lut (Eýran), Patagoniýa (Argentina), Negew (Ysraýyl) çöllerine ylmy saparlar maňa miýesser etdi. ...Duşuşyk dostana ýagdaýda geçdi.
Oňa TDU-nyň mugallymlary, şol sanda çölleri öwreniji alym Maral Bazarowna Amanowa gatnaşdylar.Uly nesliň wekilleri alymlaryň ýaş nesline türkmen ylmynyň ýörelgelerini dowam etmegi, saýlap alan ugrunda kämilleşmeklerini nesihat berip, olara okuwda üstünlikler arzuw etdiler.
Duşuşyga gatnaşanlara “Türkmenistanyň guşlary” atly kitap sowgat berildi.