Russiýanyň serhetaşa operasiýalarynda ulanan “Wagner” hakyna tutma harby güýji garaşylmadyk ýagdaýda Ukrainadaky front liniýalaryndan çekilip Russiýanyň içinde Moskwa tarap herekete geçipdi.Rus goşuny waka geň galmak bilen syn etdi.
Putiniň ýolbaşçylygyndaky rus hökümeti hem özüne garşy bolan iň uly pitnä sezewar boldy.Moskwanyň golaýyna 200 kilometre çenli gelen Wagner, Belarusyň lideri Aleksandr Lukaşenkonyň töwellaçylyk etmeginde gazanylan ylalaşykdan soň yza çekildi.
Wagneriň turzan pitnesinden 2 aý soň toparyň ýokary derejeli liderlerini alyp barýan uçar Russiýanyň howa giňişliginde heläkçilige uçrady ýada urlup düşürildi.Eýsem Wagner delosy ýapyldymy ýada güýç göreşi dowam edermi?
SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
2 aý ozal Moskwa çenli gelip ýeten “Wangeriň” pitnesi, syýasy gepleşikler bilen basylyp ýatyrlypdy we Putin arkaýynlaşypdy. Emma bu delonyň ýapylmandygyny hemmeler bilýärdi we ahyry rus hünärmenleriniň göz öňünde tutuşy ýaly Wagneriň ýokary derejeli liderleriniň aradan çykandygy habary gelip gowuşdy. Rus habarlar gullygy TASS Ýewgeniz Prigožin bilen birlikde Wagneriň ýokary derejeli liderlerini alyp barýan uçaryň heläkçilige uçrandygyny habar berdi.
Emma ýada dessine “Wagnere” degişli uçaryň urlup düşürilme ähtimallygy düşdi.Aslyna garalanda gelip gowşan wideo ýazgylarda uçaryň “pajygaly ýagdaýda ýere gaçmagy, howada böleklenişi we galyndylaryň gelip düşen giňişligi” partlamanyň bolandygyny görkezýär.
Uçuş gözegçilik görkezijileri we Ýewgenit Prigožin bilen arabaglanşyklydygy beýan edilen “Embraer Legasi 600” kysymly hususy uçaryň 23-nji awgust güni ýerli wagt boýunça 18.00-dan öň Moskwadan Peterburga gonmak üçin ugrandygyny, emma 8 minut soň howada ýanyp, ýere gaçmaga başlandygyny tassyklaýar.
Rus awiasiýa ýolbaşçylary Russiýada ýere gaçan uçaryň ýolagçy sanawynda “Wagneriň” hojaýyny Prigožiniň ýany bilen ýene-de 9 adamyň bardygyny görkezýär. Şolaryň arasynda hakynatutma firmanyň adyny goýan Dmitriý Utkin bile firmanyň maliýeleşdirilmeginde uly pozisiýa eýe bolan Waleriý Çekalow hem bar.
Kreml, Putiniň ýa-da rus harby ýolbaşçylarynyň uçaryň heläkçilige uçramagyna haýsydyr bir dahyllygynyň bardygy hakyndaky habarlary çürt kesik ret eden bolsa, Putin hem duýgudaşlyk ýüzlenmesini berdi.Emma wideo ýüzlenmede çylşyrymly duýgularyň başdan geçirilýändigi görülýär.
Netijede “Wagneriň” 24-nji iýunda hakynatutma esgerleriň Ukrainadaky front liniýasyny taşlap, birdenkä Russiýa geçmegi, Rostow ýaly şaherlerden geçip, Moskwa tarap süýşmegi dünýä bilen bilelikde Russiýanyň Prezidenti Putinde-de şok täsirini döredipdi.
Russiýanyň bakyp-bejeren, hasap bermesiz güýç hökmünde peýdalanylan “Wagner” firmasy bu gezek Russiýanyň bähbitleri üçin däl, gönüden oňa abanýan howpa öwrülipdi.
“Wagneriň şeýle hetden aşmasy we gönüden Moskwany nyşana almagynyň aňyrsynda elitalaryň arasyndaky güýç çekeleşiginiň täsiriniň bolmagy ähtimallygy ýokarydy.Russiýany ýakyndan bilýän hünärmenleriň arasynda Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen Prigožiniň liderligindäki “Wagneriň” arasynda uly düşnüşmezlikleriň bardygy bilinýärdi.
Esasanda Prigožin soňky günlerde agyr beýanatlar berip, Goranmak ministri Şoýgu bilen Baş ştabyň Başlygy Gerasimowy hyýanatçylyk etmekde günäkärläp, Ukraina söweşini iňňän başarnyksyz gönükdirýändiklerini nygtaýardy.
Indi “Wagneriň” ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň dargadylmagy bilen Russiýadaky güýç göreşinde Putiniň we onuň bilen bilelikde hereket edenleriň üstün çykandygyny aýtmak mümkin.Putin hem ýer bilen ýegsan bolan abraýyny kem-käs hem bolsa gaýtadan dikeltdi.
Emma “Wagneriň” mundan soňky geljegi, Ukraina söweşinde ulanylyp ulanylmajakydygy, Afrikadaky we Siriýadaky operasiýalaryň nähili boljakdygy näbelli bolmagynda galýar.Rus goşuny we howpsuzlyk gyllugy “Wagneri” üýtgedip gurap, gaýtadan gözegçilik astyna almak isleýär.
Emma ol mümkin bolarmy?Ony hem wagt görkezer.