Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, aradan çykandygy habar berlen Wagneriň gurujysy Ýewgeniý Prigožiniň jynazasy meselesindäki kararyň hossarlary bilen birlikde kabul ediljekdigini aýtdy.
Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.
Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ýakynda duşuşjakdygyny aýdan Peskow, “Ýeri gelende resmi taýdan maglumat berler” diýdi.
Galla geçelgesi ylalaşygynyň ýaňadandan başlamagy üçin Russiýanyň, Türkiýäniň we Kataryň goldaw bermeginde meseläniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýdan Peskow, “Emma heniz doly ylalaşyk gazanylmady” diýdi.
Twerde 23-nji awgustda uçaryna guralan hüjümde aradan çykan Prigožiniň jynazasy hakynda hem durup geçen Peskow “Jynaza meselesinde doly maglumatym ýok. Şol sebäpli hem anyk maglumat berip bilmerin, degişli karar dogan-garyndaşlary we hossarlary bilen birlikde kabul ediler” diýip belledi.