Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.Tatarystanyň Baştutany “Oguz han” köşkler toplumyna geldi.

Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birek bilen mähirli salamlaşdylar.Asylly däbe görä, döwlet Baştutanlary ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Prezidentler ikiçäk duşuşygyň geçirilýän ýerine geldiler.Milli Liderimiz Tatarystanyň Baştutanyny myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni, ruhy umumylygyna esaslanan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň Baştutanyna öz adyndan we Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna hem-de heläkçilige sebäp bolan pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.

Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi, medet beriji sözleri we şu agyr pursatda bildiren duýgudaşlygy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi.Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize kakasynyň aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we ähli tatarystanlylaryň adyndan medet beriji sözlerini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz bildiren gynanjy we medet beriji sözleri üçin Prezident Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, dürli derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary we umuman, hoşniýetli goňşuçylykly türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan sapary mahaly beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Prezident Rustam Minnihanowa türkmen wekiliýetiniň sapary mahalynda bildiren myhmansöýerligi hem-de onuň resmi wekiliýetiň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedowa Tatarystanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany işläp taýýarlamakdaky üstünligini belledi hem-de onuň Türkmenistana iberilendigi üçin öz minnetdarlygyny beýan etdi.

Prezident Rustam Minnihanow iki ýurduň Liderleriniň yzygiderli tagallasy netijesinde ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi we bu gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Tatarystanyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramy bilen gutlady.

Prezident Rustam Minnihanow ýurdumyza soňky saparyndan bäri geçen döwürde şäheriň has-da gözelleşendigini, täze binalar toplumynyň kemala gelendigini nygtady hem-de türkmen halkyny milli Liderimiziň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitler bilen gutlady.

Tatarystanyň Baştutany çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowy we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryny Aşgabatda görýändigine şatdygyny ýene bir ýola belläp, şu gezekki saparyň halklarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýedigini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin pugta binýadyň bardygyny tassyklaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-tatar hyzmatdaşlygy ösüşiň has ýokary derejesine çykdy.Biziň netijeli gatnaşyklarymyz Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Munuň özi ýokary derejede özara saparlaryň yzygiderli alşylýandygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz belledi. Ýakynda Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-tatar gatnaşyklary Russiýa bilen ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar we gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär hem-de baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işini aýratyn belledi. Şu güne çenli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ulanmak üçin özüni gowy tarapdan görkezen we meşhur kysymly awtoulaglaryň köp möçberi satyn alyndy.

Mundan başga-da, Aşgabatda “KamAZ” okuw-hyzmat merkezi üstünlikli hereket edýär.Türkmenistan geljekde bu kärhananyň diňe bir awtoulaglaryny däl, eýsem, beýleki ýörite maksatly tehnikalaryny hem satyn almagy göz öňünde tutýar.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz türkmen tarapynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy nazara alyp, ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary talaplaryna gabat gelýän “KamAZ” kysymly elektrobuslary satyn almak meselelerine garamaga taýýardygyny mälim etdi.Kazanyň dikuçar zawody bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Geçen aýda şu kärhanada öndürilen häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Ansat” dikuçarlary getirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, gämigurluşyk ulgamy boýunça gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň deňiz flotuna Zelenodolskiniň gämigurluşyk zawodynda öndürilen iki sany ýokary tizlikli ýolagçy gämileri gelip gowuşdy. Ýurdumyz tatarystanly hyzmatdaşlaryň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça tekliplerine garamaga taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriniň biri bolan Türkmenistan energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýär.Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, önümleriň hilini gowulandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylýan mukdaryny köpeltmek we ony köpugurly esasda ösdürmek ýurdumyzyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Tatneft” hem-de “KER-Holding” kompaniýalary bilen “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň arasynda nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek, energetika desgalaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Türkmenistan bar bolan mümkinçilikleri doly herekete girizmek üçin bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.Döwlet Baştutanymyz tatarystanly hyzmatdaşlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda we beýleki pudaklarynda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada aýdylanda bolsa, bu babatda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň soňky ýyllarda sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak babatda oňyn tejribe toplandygyny belläp, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde döwlet ähmiýetli möhüm taslamalaryň biri bolan “Aşgabat-siti” taslamasynyň gurluşygyna ünsi çekdi.

Bu ýerde ýakyn wagtda edara ediş binalary, hyzmatlar ulgamyna degişli kärhanalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly binalary bolan şäher kemala geler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan gurluşyk we täze toplumy öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak babatda Tatarystanyň oňyn tejribesini ulanmaga gyzyklanma bildirýär.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýän ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek barada aýdyp, biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, diliň ýakynlygynyň, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi.Häzir bu gatnaşyklary ösdürmäge we baýlaşdyrmaga ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edilýär.

Ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir.Bu gün Tatarystan Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň köp sanlysy bilim alýar. Ýurdumyz mundan beýläk-de bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň we Tatarystanyň uniwersitetleriniň hem-de institutlarynyň arasynda göni ylym-bilim gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Soňky ýyllarda ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejä we netijeli häsiýete eýedigine mynasyp baha berýän ýurdumyz Tatarystan Respublikasyny ygtybarly hem-de geljegi uly bolan hyzmatdaş hökmünde ykrar edip, işjeň gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn uzak möhletleýin bähbitlere, döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategiýasyna gabat gelýändigini belläp, Prezident Rustam Minnihanowa we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň agzalaryna hem-de Tatarystanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Tatarystanyň Baştutany Aşgabada gelip görmäge çakylygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine hem-de ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip hem-de pursatdan peýdalanyp, ýene bir gezek döwlet Baştutanymyzy, tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistan Tatarystan Respublikasy üçin strategik hyzmatdaş bolup durýar.Däp bolan gatnaşyklar ikitaraplaýyn wekiliýetleri alyşmak arkaly işjeňleşdirilýär. Şeýlelikde, netijeli gepleşikler geçirilýär.Hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegi esasy ugur edinýän bilelikdäki iş toparynyň mejlisleri netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýle hem Prezident Rustam Minnihanow Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekilhanasynyň, Kazan şäherinde bolsa Türkmenistanyň Baş konsullygynyň hereket edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde ýurdumyzda Tatarystanyň iri kompaniýalary işleýär we ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklar ösdürilýär.Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Tatarystanyň wekiliýetiniň agzalary çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, özara haryt dolanyşygynyň artýandygyny nygtadylar. Şunda özara alşylýan harytlaryň mukdaryny we görnüşini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Tatarystanyň Baştutany söwda-ykdysady ulgamda, senagat pudagynda, obasenagat toplumynda hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny aýtdy.

Bu ugurda özara gatnaşyklar boýunça oňyn tejribe toplanyldy.Prezident Rustam Minnihanow bu günki duşuşygyň tatar-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasyna boljak saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.Gepleşikler tamamlanandan soň, Tatarystanyň we Türkmenistanyň müftüleri aýat-doga okadylar.

Tatarystanyň müftüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban pederi, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowa Beýik Biribardan iman baýlygyny diläp, aýat okady.Soňra Türkmenistanyň müftüsi Kazan şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren, olaryň köpüsiniň neresse çagalaryň bolmagy bilen bagly pajygaly waka sebäpli heläk bolanlaryň ruhunyň şat bolmagyny dileg edip, aýat okady. Şeýle hem olar Allatagaladan türkmen we tatar halklaryna bagtyýarlyk, rowaçlyk dileg etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysynyň bilelikdäki ulag kerweni Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap ugrady.Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Kazanyň dikuçar zawodynda öndürilen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin niýetlenen “Mi-17-1W” kysymly dikuçarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Iki döwletiň Baştutanlary dikuçara münýärler.Dikuçar öndürýän zawodyň wekili täze köpugurly howa gämisiniň tehniki hem-de hereket ediş häsiýetnamalary, enjamlaşdyrylyşy barada gürrüň berdi.Lukmançylyk dikuçary ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda monitor-defibrillýatorlar, drenaž aspiratory, öýken emeli howa enjamlary, elektrokardiograf we beýlekiler bilen üpjün edildi.

Mundan başga-da, infuzion erginlerini saklamak üçin ýylylyk geçirmeýän konteýner, wakuumly immobilizasiýa düşekleri, intubasiýa üçin enjamlar toplumy, ulular we çagalar üçin boýun-oňurga fiksatory, wakuum fiksatory, beýleki ugurdaş gurallar, ýanyga garşy serişdeler bar.

Lukmanlaryň ygtyýaryna gelip gowşan Mi-17-1W dikuçarlary ilata gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge, heläkçilik çekenleri, näsaglary, şol sanda agyr hassalary getirmäge niýetlenendir. Şu kysymly dikuçarlaryň köptaraply häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Olar lukmançylyk maksatlary bilen bir hatarda, ýolagçylary gatnatmak, ýük daşamak, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek, halas ediş çäreleri, ýangynlary öçürmek işlerinde ulanylyp bilinýär.Türkmenistan bilen Kazanyň dikuçar zawodynyň arasynda hyzmatdaşlyk 2008-nji ýyldan bäri dowam edýär. Şu döwürde ýurdumyz birnäçe dikuçarlary satyn aldy.

Hususan-da, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” paýdarlar jemgyýeti bilen “Türkmenhowaýollary” agentliginiň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklaryň çäklerinde, lukmançylyk maksatly “Ansat” dikuçarlary Türkmenistana getirildi.Mi-17-1W dikuçary ýaly, bu dikuçar hem tiz lukmançylyk kömegini bermäge, näsaglary ýöriteleşdirilen hassahanalara gyssagly getirmek üçin niýetlenildi.

Ol hem häzirki zaman anyklaýyş we beýleki enjamlar, näsaglaryň ýagdaýyny görkezýän monitorlar bilen üpjün edildi.Onda şikes alan raýatlara ýerinde gyssagly lukmançylyk kömegini bermek we beýleki zerur hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi.

Lukmançylyk maksatly dikuçar öýkeniň emeli howalandyryjy abzaly, Сorpuls-3 GS013 monitorlaşdyryş we defibrilýasiýa ulgamy, Сompaсt S perfuzorlary, infuziomat FMS, drenažly aspirator, PM-60 pulsoksimetr, Aссu-Сhek Performa glýukometri, ýanyga garşy STS toplumy we beýleki enjamlar bilen üpjün edilendir.

Derman we sarp edilýän serişdeler, adamyň oňurgasyna, boýnuna we eline, aýagyna şikes ýetende ulanylýan dürli görnüşli seýikler, ýöriteleşdirilen näsag göteriji zemmer üçin ýörite gutular bar. “Ansat” dikuçary çylşyrymly şertlerde gyssagly wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Bu bolsa lukmanlaryň wagt ýitirmän, näsaglara degişli kömek bermegine mümkinçilik döredýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, dost-doganlygyň we ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklara wepadarlygyň nyşany hökmünde Prezident Rustam Minnihanowa Akdost atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.

Tatarystanyň Baştutany özboluşly sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar.Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýurdumyza saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
Türkmenistanyň Prezidenti BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentine Dostluk ordenini gowşurdy