Prezidentiň wideoşekilli maslahatynda oba, etrap ýollarynyň ýagdaýy agzalmaýar

Prezidentiň wideoşekilli maslahatynda oba, etrap ýollarynyň ýagdaýy agzalmaýar

“Öýlänki ýagan ýagyş sebäpli tutuş Görogly şäherinde tok ýok” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berýär. Şeýle-de ol il içinde “Gyzyl goşun” diýlip atlandyrylýan we Görogly şäherçesine goşulan, etrap merkezine iň ýakyn obanyň ýollarynyň “ýörer ýaly däldigini”, 26 ýyl bäri asfalt çekilmedik köçelerden ýöreýän ýeňil maşynlaryň ýygy-ýygydan sandan çykýandygyny habar berýär.

“Birki ýyllykda obamyzyň adamlary özara pul ýygnap, köçelere çäge dökdürip, soň ony endigan ýazyp çykdylar, emma tomsuň epgeginde çägeler hem tozap gitdi. Indi adamlarda köçä çäge dökdürmäge hem pul ýok, nirä barsaň işsizlik, maşyn bejerilýän ýerleriň işiginde şor palçykdan çüýrän ýerleri gopup ugran maşynlar üýşüp dur” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.

Ministrler kabinetiniň mejlislerinde degişli resmileriň berýän hasabatlaryndan çen tutulsa, ýurtda her ýyl müňlerçe kilometr ýola daş, asfalt düşelýär, ýollar bejerilýär, köprüler gurulýar.

Emma muňa garamazdan, ýerli synçylar etrap, oba ýollarynyň soňky 30 ýylda köplenç gözden salnandygyny aýdýarlar. Şonuň bilen birlikde, häzir gowy ýol hasaplanylýan Aşgabat-Türkmenbaşy ýoluny hem Gumdag şäheriniň deňinde, 10 km çemesi aralygy köplenç göçüp-gonýan çäge depeleri basýar we muňa, näme üçindir, baş galdyrylmaýar diýip, synçylar aýdýar.

“Gyrak-çetde ýaşaýan adamlar indi oba ýollarynyň bu golaýda bejeriljegine umyt hem baglamaýar, sebäbi ýurt aňrysy görünmeýän ykdysady krizise girdi, hökümet başlygynda bolsa krizisden nädip çykmalydygy barada anyk pikir ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Golaýda ýurduň günbatarynda saparda bolan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň gürrüň bermegine görä, Balkan welaýatynyň medeni zonasyndan demirgazykdaky obalarda, Serdar, Bereket, Türkmenbaşy şäherlerinden 150-400 km uzaklykda ýaşaýan adamlar indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri agyr ýol azabyny çekýärler.

Şeýle-de ol metbugatda mahabatlandyrylýan “Altyn asyr” türkmen köli diýilýäne Serdar şäherinden barýan 350-400 km çemesi ýola “ýol” diýer ýaly däldigini gürrüň berýär. Bugaýewiň tassyklamagyna görä, bu ýoldan ýeňil maşyn sürýän adamlar sarsgyn-siltewe ulagyň bagažynyň gapysy açylmaz ýaly, ol ýerden 25-30 kg agramlyk asýarlar.

Ýöne Bugaýew Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynda, Magtymguly Pyragynyň sowet döwründe we garaşsyzlyk ýyllarynda bellenen ýubileý toýlarynyň arkasyndan, gowy asfalt ýoluň saklanyp gaýandygyny aýtdy.

Emma bu sözi şol ýerden uzakda bolmadyk Etrek, Esenguly etraplary barada aýdyp boljak däl, “sebäbi bu etraplarda 1960-njy ýyllarda asfalt çekilen ýoluň häzir diňe ýol ady bar” diýip, aşgabatly ýazyjy gürrüň berdi.

Şäherara, etrap merkezilerine barýan ýollar şeýle ýaramaz ýagdaýda bolsa, obalaryň içindäki ýollar nähilikä diýen sorag döreýär.

Ýazyjy Bugaýew Balkan welaýatynyň günorta tarapynda hem, demirgazyk böleginde hem oba ýollaryna asfalt düşelmeýändigini aýtdy. Ýöne ol Türkmenbaşy şäherinden Gyzylgaýa posýologyna çenli asfalt ýoluň umuman bardygyny, munuň 50-60 ýyl mundan öň Gyzylgaýadan uran gazyp alynmagy bilen bagly gurlan ýoldugyny belledi. Ýöne bu ýoly hem göçüp-gonýan çäge depeleri basýar we ondan maşynly gatnamak howply bolmagynda galýar.

Balkan welaýatynyň oba, etrap ýerlerindäki ýolsuzlyk, aragatnaşyk kynçylyklary kyn-gyssag gören, tizden-tiz saglyk kömegine mätäç bolan adamlary juda aýgyr hala salýar diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen söhberdeşlikde gürrüň berdiler.

“Meselem, Balkan, Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň çatryklaşýan obasy bolan Baleýşem obasyna barýan 300 km çemesi ýoluň diňe ýol ady bar. Onsoň bu obada kimdir birini gyssagly keselhana äkitmeli bolsa, adamlar gum içinden, ýolsuz ýerden maşyn sürüp, ony 80-100 km aralyga, Bäherden/Baharly etrabynyň Kirpili obasyna äkitmeli bolýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedowyň şu hepde geçiren wideoşekilli maslahatynda “Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi” barada maslahat edildi, emma habarda oba, etrap ýollarynyň ýagdaýy agzalmaýar.

Ýene degişli makalalar

Çolarýan obalar halkyň 'parahatçylykly protesti' bolup görünýär
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi
Meriç Sümen