Prezidentiň Türkmenbaşy şäherine saparyndan öň ýaşaýyş jaýlaryndaky hemra antennalary sökülýär

Ýakyn günlerde Türkmenbaşy (ozalky Krasnowodsk) şäherine Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapara gelmegine garaşylýar. Saparyň öňünden gyssagly suratda köçeleri arassalaýarlar we ýaşaýyş jaýlaryndaky hemra antennalaryny söküp aýyrýarlar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, antennalary diňe prezidentiň ulag kerweniniň geçjek ýerlerindäki jaýlardan däl, eýsem tutuş şäher boýunça söküp aýyrýarlar. Öý edaralarynyň işgärleri ýaşaýjylaryň gaharlanmalaryna aýrylan antennalaryň ýerine kabel telewidiniýesi çekiler diýip jogap berýärler. Emma onuň haçan boljakdygy belli däl.

Soňky ýyllarda kabel telewideniýesi şäherde diňe Türkmenbaşy bilen Awazanyň arasyndaky 1-nji mikroraýona we Awazanyň özünde çekildi.

Ýatladýarys, hemra antennalaryny soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda köpçülikleýin söküp aýyrdylar we onuň ýerine çäklendirilen telekanal paketli kabel telewideniýesi çekildi.

Redaksiýanyň saýtyna gelip gowşan maglumata laýyklykda, döwlet baştutanynyň saparynyň prezidentiň näsaglygy zerarly yza süýşürilmegi hem mümkin.

Ýene degişli makalalar

Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Hazaryň suwy çekilýär, Aşgabadyň daşky gurşaw aladalary artýar
Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň suw (indi tölegli) problemalary dowam edýär
Uzak aralyga gatnaýan awtobuslaryň 'gaty utandyrýan' kemçiligi bar
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnan sergisi haly dokamagyň taryhy we däpleri barada gürrüň berýär