Prezidentiň ogly Türkmenistanda täze obalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy (foto)

29-njy oktýabrda Kaka etrabynyň Gowşut we Akbugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşlikleriniň çäginde döwrebap obalaryň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaralar boldy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, täze obalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna milli parlamentiň deputaty, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halk wekilleri gatnaşdylar.

“Parlamentarileriň adyndan çykyş eden deputat Serdar Berdimuhamedow şu günki dabaralaryň döwletimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň mizemezdigini we yzygiderlidigini beýan edýändigini nygtady” diýip, neşir ýazýar.

1 of 7

Bu prezidentiň oglunyň şeýle dabaralara ikinji gezek gatnaşyşyşy bolup durýar. Ol ozal 8-nji oktýabrda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owdandepe geňeşlikleriniň çäginde düýbi tutulan täze obalaryň dabaralaryna gatnaşdy.

Täze obalary gurmak tabşyrygy prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 24-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatyna berildi.

Ýene degişli makalalar

Azlyklaryň öz dillerinde okamak hukuklary-da, özleri-de agzalmaýar - synçy
Awtoulag sürüjileriň güzaplary
05.04.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: saglygy goraýyş
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: saglygy goraýyş
Ahalda ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagynyň täze tapgyry başlanýar
Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat it öldürmek güýçlendi we itler üçin gonalga açmak planlaşdyrylýar