Prezidentiň ogly hususy telekeçiligiň iki senagat desgasyny açdy

20-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, importuň ornuny tutýan önümleri öndürmek programmasynyň çäginde, hususy telekeçiligiň iki degasy ýuwujy serişdeleri öndürýän we polipropilen gaplary öndürýbän kärhanalar açyldy. Açylyş dabaralaryna Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, telekeçiler gatnaşdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, birinji açylan kärhanada diňe ýurduň içi üçin däl, eksporta hem ibermek üçin ýylda 50 müň tonna ýuwujy serişde öndürmek planlaşdyrylýar.

Bir Dünýä hojalyk jemgyýetiniň ulanmaga beren kärhanasynda polipropilen matadan sygymy 300 kilograma çenli bolan iri göwrümli gaplaryň 3 tonnasy öndüriler. Bu kärhananyň ýylda bir million halta öndürmegine garaşylýar, geljekde bolsa ol iki esse artdyrylar. Neşiriň bellemegine görä, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýumşak gaplary öndürmek üçin çig malyň 95 göterimini üpjün eder.

1 of 2

Şol günüň özünde Maryda 6 gektar meýdany tutýan ýyladyşhana açyldy, ol ýylda 1200 tone gök we bakja önümlerini öndürmeli.

Mary-Aşgabat awtomobil ýolunyň 9-njy kilometrinde Täze aý önümleri HJ-nyň (TSTB-niň agazasy) süýji-köke önümlerini öndürýän kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu zawod bir günde süýji-köke önümleriniň 92 tonnasyny — kökeleriň, şokoladlaryň we waflileriň jemi 63 görnüşini öndürer.

Mundan başga, 20-nji martda Türkmenabatda 48 maşagala niýetlenip gurlan 4 gatly jaý ulanmaga berildi. Bu jaý TSTB-niň agzasy bolan HK Saldamly goşant tarapyndan guruldy.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyly bellemegi çäklendirýän häkimiýetler baýramçylyk üçin býujetçilerden we telekeçilerden pul ýygnaýar
Mary-Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda kottejler toplumynyň I tapgyry açyldy
Uly Berdimuhamedowyň Mara sapary: Ýollar ýapyldy, ýetişen pagta hasyly zaýa edildi
Marynyň we Ahalyň öňki häkimleri 25 ýyl türmä höküm edildi’
Maryda benzin gytçylygy emele geldi
Balkan S.Berdimuhamedowyň saparyna garaşýar. Onuň Mara garaşylan sapary ýene amala aşmady
Esger enesi: Oglum harby gullukda gaty horlanypdyr, 'süňk bilen ham bolup' öýe dolandy