Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar tussag edildi’, hereket çäklendirildi

Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar tussag edildi’, hereket çäklendirildi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna eden saparynyň öňüsyrasynda we dowamynda ýerli ýaşaýjylar çäklendirmeleriň ençemesi bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Ilatyň hereketi çäklendirilip, sebitde reňki ak bolmadyka awtoulaglary sürmek gadagan edildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy prezidentiň saparynyň ilata ýetiren täsirleri barada 18-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

S.Berdimuhamedow 17-nji aprelde Mara baryp, Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen - Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Resmi media döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazly çykyşlary görkezdi, emma dabara görlen taýýarlyklar barada, adatça bolşy ýaly, kelam agyz söz aýtmady.

Azatlygyň sebitdäki habarçysy prezidentiň saparyna birnäçe hepde öňünden taýynlyk görlüp başlanandygyny habar berýär. Ol bu taýynlyklaryň, prezident gelmezinden üç gün öň has-da güýçlendirilendigini belleýär.

“15-nji aprelde raýatlaryň reňkli awtoulaglary ýol polisiýasy tarapyndan saklanyp, tussag edildi we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG)awtoduralgasyna alnyp gidildi. Mary şäherine üç günläp diňe ak reňkdäki we arassa ulaglar goýberildi” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz PÝGG-niň awtoduralgasyna alnyp gidilen ulaglaryň 18-nji aprelde eýelerine berlip başlanandygyny aýdýar. Ulag eýeleri ulaglaryny duralgadan alyp gaýtmak üçin 100 manada golaý jerime tölemeli boldular.

Mundan başga-da, prezidentiň saparyndan bir gün öň, ýagny 16-njy aprelde giçlik şäheriň merkezi köçeleriniň ugrunda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň girelgelerine raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi.

“Bu adamlar uzak gijesi bilen nobatçylyk çekdiler. Ýaşaýjylar öýlerinden çykmak üçin, bu adamlara nirä barýandyklaryny aýtmaly boldular. Bu ýagdaý 17-nji aprelde öýläne çenli dowam etdi” diýip, başga bir şäher ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz prezidentiň welaýatda birnäçe açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylandygyny, ýöne onuň diňe awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny aýdýar.

“Beýleki desgalaryň açylyş dabaralaryny ýaşuly adamlar we ministrlikleriň wekilleri, şeýle-de býujet işgärleri amala aşyrdylar. Bu çärelere gatnaşmaly edilen býujet işgärleri irden sagat 7-de çäräniň geçiriljek ýerine bardylar. Awtomobil ýolunyň açylyş dabarasyna giden adamlar irden sagat 6-da çäräniň geçirilmeli ýerine barmaly boldular” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz 18-nji aprelde “şäheriň boşap galandygyny”, üç günläp her birnäçe ädimde duran polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň tas hiç bir ýerde görünmeýändigini hem aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň ýol polisiýasyndan teswir alyp bilmedi.

Mary şäherinde we onuň töwereginde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçirilip, döwlet baştutanynyň saparyna taýýarlyk görülýändigi barada Azatlygyň habarçylary 16-njy aprelde maglumat berdiler.

“S.Berdimuhamedowyň 17-20-nji aprel aralygynda welaýata sapar edip, awtobanyň we käbir elitka jaýlaryň açylyşyna gatnaşmagyna garaşylýandygy aýdylýar” diýip, maryly býujet işgäri anonim şertde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlary, olara görülýän taýynlyklar we bularyň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan maglumat berýärler.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Resmi maglumata görä, onuň gurluşygy Aşgabat Tejen (203 kilometr), Tejen Mary (109 kilometr), Mary Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar. Onuň Aşgabat Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açylyp ulanmaga berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi
Türkmen häkimiýeti suw joşmasyna ilata basyş etmek we IMO-ny petiklemek arkaly çemeleşýär
Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi
S.Berdimuhamedow güýç ulanyjylara geljek ýedi ýylyň dowamynda öz edaralaryny ösdürmek barada meýilnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy