Prezidentiň kitaby eli ýuka adamlary 'agladýar'

Prezidentiň kitaby eli ýuka adamlary 'agladýar'

Serdar Berdimuhamedow 25-nji dekabrda geçiren iş maslahatynda öz ýazan ilkinji kitabyndan söz açyp, onda türkmenistanly ýaşlaryň "ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň" jeminiň jemlenilýändigini aýtdy, ýöne anyk nämeleri nazarda tutýandygyny aýtmady.

Synçylar ýurtda iş, gazanç tapmaýan, okuwyny dowam etdirip bilmeýän ýaşlaryň geçen ýyl öňki ýyllara garanda hem 'gaty gysylandygyny', iň amatly ýurt bolup görünýän Türkiýä wizasyz gitmek mümkinçiliginiň hem ýitirilendigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, bu kitabyň ýyl başyndan köp maşgalany darykdyrandygy, adatça bolşy ýaly, döwlet pudagynda işleýän adamlaryň, studentleriň prezidentiň kitabyny satyn almaga mejbur edilýändigi habar berilýär.

Azatlygyň habarçylary ýurduň üçünji, ýaş prezidentiniň adyndan çap edilen kitabyň ýönekeý adamlarda döreden reaksiýalary we ýyl başyndan başlanan wagzy barada günübirin habar berdiler.Habarçylarymyzyň biri bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň tassyklamagyna görä, Serdar Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen kitap öňki iki prezidentiň adyndan çap edilen ilkinji kitaplara garanda hem has köp tiražda’, ýagny has köp nusgada çap edilipdir. Ýöne ol bu kitabyň anyk näçe nusgada çap edilendigini anyklaşdyrmady.

“Sosial ulgamlarda gülýänler bolup biler, ýöne bu kitap býujete degişli ähli adamy, studentleri aglatdy. Görgüli býujet işgärleri, talyplar ol kitaby 150 manatdan satyn almaga mejbur edilýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Resmi ýagdaýda boýun alynmaýan hem bolsa, Türkmenistanda okuw kitaplarynyň ýetmezçiligi, hili uly mesele bolmagynda galýar. Balkan sebitindäki habarçymyzyň ýazmagyna görä, ýerli mekdeplerde okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçilik edýän wagtynda prezidentiň adyndan çap edilen kitabyň uly bolçulygy’ döredildi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Balkan welaýatyna otly bilen getirilen kitaplar sebitiň bilim bölüminiň ammarlaryna getirilip, 31-nji ýanwarda etraplara paýlandy.

Azatlygyň habarçylary bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ýaşaýjylar halkyň prezidentiň kitap ýazandygy barada aýdylýan zatlara kän ynanmaýandygyny, “Ruhnamanyň” hem başga adamlar tarapyndan ýazylandygy barada her hili gürrüňleriň ýaýrandygyny aýdýarlar.

Söhbetdeşlerimiziň biri öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen kitaplaryň sanynyň Saparmyrat Nyýazowyň adyndan çap edilen kitaplaryň sanyndan hem gaty köp bolandygyny aýtdy.

“Ýurduň ykdysadyýeti barha aşak düşüp, adamlar çörek üçin ençeme sagatlap nobata durmaga başlady welin, adamlar Gurbanguly kitap ýazmakdan elini boşadyp, halkyň hal-ýagdaýyna seretmäge wagt tapsa gowy bolardy’ diýýänler köpeldi. Adamlar hakyky syýasatçy prezidentiň kitap ýazmaga wagty bolmaly däl ahyry’ diýýärler diýip, anonimlik şertinde gürleşen balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň ikinji habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjy prezident we kitap’ meselesiniň spektakldygyny’, ýagny sahnada goýulýan oýundygyny, muňa hemmeleriň düşünýändigini öňe sürdi.

“Serdaryň kitap ýazyp, ony öz kakasyna sowgat bermegi bir spektakla meňzeýär... Hawa, bu ýene-de bir oýun. Bu kitaby Serdaryň ýazmandygyny sizem bilýärsiňiz, men hem bilýärin. Bu kitabyň arkasynda döwlet gaznasyndan, býujetden zähmet haky, aýlyk alýan ýazyjylar durýan bolmaly, ýöne olaryň ýazan, taýýar eden kitaby Serdaryň goly bilen çap edilýär” diýip, ýurduň beýleki sebitinde ýaşaýan söhbetdeşimiz aýtdy.

Ol häzirki prezidentiň kakasynyň adyndan hem onlarça kitabyň çap edilendigini, emma ol kitaplary okap, gowy gördüm’ diýene duşmandygyny sözüne goşdy.

“Türkmenistanda ýörite ýazyjylar bar, şolar ...taýynlap berýärler. Siz özüňiz syn ediň! Kakasy 15 ýylda 50-den gowrak kitap ýazdy, ýylda 3 kitapdan ýazyp, köpçülige tanyşdyrýar! Bu mümkin däl” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri prezidentiň adyndan çap edilýän kitaplara kagyz harçlaman, türkmen taryhyna degişli kitaplar çap edilse, köp adam hezil edip okardy, köp zat öwrenerdi’ diýdi.

“Türkmenistanyň taryhyny doly bilyän, öz halkynyň taryhyndan habarly adamlar ýok ýa-da gaty az. Sebäbi bu ugurdan täze, gowy kitaplar ýeterlik derejede çap edilmeýär. Türkmen taryhyndan anyk, dogry maglumat berýän kitaplar ýok diýerlik” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi mekdeplerde şindem sowet propagandasynyň täsirinde ýazylan kitaplaryň ulanylýandygyny aýtdy.

Synçylar Saparmyrat Nyýazowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň propagandasyndan tapawutlylykda, Serdar Berdimuhamedowyň kitabynyň propagandasynyň ýurtdaky iň täsirli resminiň, öňki prezidentiň ýüze sylmagy bilen başlanandygyny, bu yşaratyň beýleki resmileri, şol sanda ýönekeý adamlary hem täze ýazyja has sylagly’ garamaga mejbur edýändigini aýdýarlar.

Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamow türkmen jemgyýetindäki prezident ýazyjy ýa-da şahyr prezident’ keseliniň sowet döwründen uç alýandygyny, ýöne olaryň adyndan çap edilýän kitaplaryň ne halka, ne-de ýurda peýdasynyň bardygyny aýdýar.

Öňki diplomatyň pikiriçe, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda “uly kadr meselesi döredi, Serdar Berdimuhamedow öňki iki prezidentiň tasdan ýumran bilim ulgamyny, kadr, bilimli, ýokary hünärli adamlary ýetişdirmekde goýberlen düýpli kemçilikleri we olaryň agyr netijelerini miras aldy.”

N.Hanamowyň kadr, bilimli, ýokary hünärli adamlary ýetişdirmek zerurlygy baradaky pikirini dynç alşa çykan öňki mugallym hem tassyklady.

Adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen pedagogyň öz tejribesine, beýleki kärdeşleriniň tejribelerine salgylanyp aýtmagyna görä, soňky ýyllarda mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlarynyň arasynda öňde duran durmuşa, öz hünäri boýunça hem düýpden taýyn däl adamlar görnetin’ köpeldi.

“Ýokary okuw jaýlaryna kabul ediş synaglary wideo ýazgy astynda geçirilmeli diýlende gaty begendik, taýýarlykly okuwçylar ýokary okuw jaýlaryna has köp kabul ediler öýtdük.Emma bu bolmady.Para berenler, okuwa hökmany suratda kabul edilmeli okuwçylar üçin wideo ýazgy edilmeýän synag etažlary döredildi.

Mysal üçin, ýokarky etažda paraly girjekler, aşaky, wideoýazgyly etažda parasyz girjekler ekzamen tabşyrmaly boldy” diýip, öňki pedagog aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti S.Berdimuhamedow 25-nji dekabrda öz ýazan we çap etdiren kitaby barada habar berende, “Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar” diýdi.

Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolan birnäçe pensioneriň tassyklamagyna görä, döwlet edaralarynda, hatda wagyz çärelerinde hem, öňki döwürde bilim alan ýaşuly adamlaryň kömege çagyrylýan wagty az bolmaýar, soňky ýaşlaryň taýýarlygy gaty pes, has gowy bilim alanlar bolsa daşary ýurtlara işlemäge gidýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran söhbetdeşimiz aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diktatoryň ölümi: awtoritar hökümdar ýogalansoň, näme bolup geçýär?
Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
N.Hanamow: Türkmen ýasulularynyn ýagdaýy kyn
N.Hanamow: Türkmen kanunlary ozaly iň ýokarky ýolbaşçylar tarapyndan basgylanýar