Prezidentiň kakasy üçin Aşgabatda beriljek sadakalara sebitlerden dürli milletleriň wekilleri iberiler

Prezidentiň kakasy üçin Aşgabatda beriljek sadakalara sebitlerden dürli milletleriň wekilleri iberiler

Prezidentiň kakasynyň aradan çykmagyna ýedi gün geçenden soňra şenbe güni welaýatlardan gelen wekilleriň gatnaşmagynda Aşgabatda sadakalar bermek göz öňünde tutulýar.

Şol sadakalara gatnaşmak üçin Daşoguzyň her mekdebinden iki mugallym paýtagta iberiler diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler. Aşgabada bilet satyn almak üçin mugallymlaryň pasportlaryny alypdyrlar.

Özbek milletiniň agzalary sadaka milli eşiklerinde gatnaşmaly. Zenanlar gara-ak reňkli şaýy matadan dikilen köýnek , don geýmeli we ýaglyk daňmaly. Erkekler bolsa, don we özbek tahýa geýmeli.

Şunlukda, sadakany gurnaýjylar ýurtda ähli milletden bolan raýatlaryň ýas tutýandygyny görkezmek isleýärler.

Ýatlatsak, köp ýyllap milli özbek eşiklerini geýmek oňlanmaýardy. Özbek zenanlaryndan işe türkmen ýaglykly barmak talap edilýärdi. Häzir bolsa, sadakalara gitmeli bolýanlar milli don, tahýa gözlemek bilen başagaý.

Şeýlede belläp geçmeli zat, prezidentiň kakasy aradan çykan gününiň ertesi 19-nji aprelde Aşgabadyň durmuşynda hiç bir özgerşikligiň ýokdugyny “TH-nyň” habarçylary aýtdylar.

“Türkmen.News” neşiriniň ýaýradan maglumatyna laýyklykda, 20-nji aprelde Aşgabadyň merkezinde sadaka berildi we şol sebäpli Türkmenbaşy şaýoly bölekleýin ýapyldy.

Ruhnama heýkeliniň yanynda bolsa, çadyrlar guruldy we onuň töwereginde döwlet edaralarynyň nomeri bolan ulaglar park edildi.

“Azatlyk” Radiosynyň habaryna görä, toý salonlarynyň eýelerine üç günläp toý-tomaşa gadagan edildi. The post Prezidentiň kakasy üçin Aşgabatda beriljek sadakalara sebitlerden dürli milletleriň wekilleri iberiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar
Türkmenistanda ogul atasynyň ornuny alýar
Raýatlar VPN ulanmazlyk barada 'Gurhandan ant içmäge mejbur edilýär'
Türkmen oba hojalyk instituty Açyk gapylar günlerini geçirer
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU Açyk gapylar günlerine çagyrýar
Daşoguz welaýatynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň iki aýlygy yglan edildi