Prezidentiň kadr çalşygyndan soň, Balkanda ýagyň ýalan söwdasy gurnaldy

Prezidentiň kadr çalşygyndan soň, Balkanda ýagyň ýalan söwdasy gurnaldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji noýabrda ýurduň söwda toplumynda geçiren kadr çalşygyna garamazdan, ilatyň azyk üpjünçiligi we nyrh meselesinde ýagdaý üýtgemeýär.

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri, hamala, sebitde bazar nyrhyndan biraz arzan ýagy aç-açan satylýan ýaly edip görkezmek üçin onuň emeli satuwyny ýola goýup, wideo düşürdiler.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary azyk we nyrh meselesiniň gowulanmaýandygyny aýdyp, il arasyndaky tankydy garaýyşlaryň geriminiň artýandygyny aýdýarlar.

Hökümetiň 15-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde prezident birnäçe resmini täzeledi.

Anyklaşdyrylman berlen habara görä, wise-premýer Batyr Atdaýew “özüne ynanylan wezipäni oňarman”, söwda toplumynda ýol beren birnäçe kemçiligi üçin işini ýitirdi.

TDH prezidentiň Atdaýewiň hasabatyny diňläp, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewi wezipesinden boşadandygyny, onuň işinde düýpli kemçilikleri goýberendigini habar berdi, ýöne ol kemçilikleriň jikme-jikligini açmady.

Prezident Atdaýewiň ornuna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nokerguly Atagulyýewi belledi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesine işden aýrylan ministriň öňki orunbasary Kerimberdi Kurbanow geçirildi.

Habarçylarymyz we ýerli synçylar söwda toplumyna jogap berýän kadrlaryň çalşylmagynyň ýurtda dörän azyk, nyrh meseleleri bilen baglydygyny aýdýarlar.

Soňky hepdelerde Azatlyk ýurduň dürli sebitlerindäki döwlet dükanlarynda bazar nyrhyndan biraz arzan satylýan azyk önümleriniň, şol sanda ýagyň satuwda tapdyrmaýandygy, bahasynyň gymmatlaýandygy barada yzygiderli habar berip gelýär.

Habarçymyzyň 19-njy noýabrda Balkanabatdan beren maglumatyna görä, duşenbe güni şäheriň birnäçe söwda nokadynda her biri 5 litr bolan günebakar ýagynyň 200 boklaşkasynyň emeli satuwy ýola goýuldy.

“18-nji noýabrda guralan ýagyň emeli satuwynda her ele bahasy 95 manat bolan 5 litr ösümlik ýagy satyldy.Onuň ýany bilen 2 kg tüwi ýa-da pomidor goşup berdiler.

Bular Balkan welaýat alyjylar jemgyýetiniň söwda boýunça ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda Daýhan bazarda 100 adama, “Kämil” merketde we ýene iki uly marketiň her birinde 20 adama paýlandy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli söwda resmisi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýöne çäkli möçberde satuwa çykarylan ýag diňe Balkan welaýat alyjylar jemgyýetiniň işgärlerine satylyp, polisiýa işgärleri ýag nobatlaryna şäher ilatyny goýbermedi.

“Söwda resmileri, hamala, ýag satylýar we satyn alýanlar hem halk diýip görkezmek üçin, ýagyň satuwyny wideo düşürdiler. Üç marketde satuwa çykarylan ýaglary beýleki söwda nokatlaryna alyp gidip, olarda hem şol bir sahnaly oýunlary wideo düşürdiler. Häkimiýetler bu wideolary söwda toplumynyň täze ýolbaşçylaryna ibermegi planlaşdyrýarlar” diýip, söwda resmisi belledi.

Bu ýagdaý, şäher ýaşaýjylarynyň ençemesiniň arasynda nägilelik döretdi. Söwda nokatlarynyň işgärleri ýagyň gutarandygyny, onuň ertir gaýtadan satuwa çykaryljakdygyny aýdyp, ýag satyn almaga baran ýaşaýjylary öýlerine ugratdylar.

“Ýöne men şu gün, ýagny 19-njy noýabrda sagat 13:40-a çenli şäheriň tas ähli söwda nokatlaryna aýlandym. Ýekeje ýerde hem ýag satylmady. Daýhan bazarda bir litri 40 manatdan günebakar ýagyny satyn alyp bolýar, ýöne bu ýönekeý býujet işgäri üçin aşa gymmat” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Balkan welaýat alyjylar jemgyýetinden teswir alyp bilmedi.

Lebapda prezidentiň geçiren kadr çalşygy, habarçymyzyň we ýerli synçynyň anonim şertde aýtmagyna görä, halk arasyndaky nägileligi “köşeşdirmän”, tersine, tankydy garaýyşlaryň geriminiň artmagyna getirdi.

“Ýaşaýjylar azyk we nyrh meselesiniň gowulanmaýandygyny aýdyp, bu gezek emele gelen ýiti gytçylykda prezidentiň özüni ýygy-ýygydan tankyt edýärler. Muny diňe bir bazarlarda, kärhanalarda, dükanlarda däl, eýsem, sosial torlarda, özara onlaýn diskussiýalarda görmek bolýar. Demikdiriji syýasy doňaklyk we ýapyklyk adamlaryň dymyşlygyny kesmegine iterýär” diýip, ýerli synçy aýtdy.

Türkmen metbugaty ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini, artyk öndürilýän önümleriň eksport edilýändigini aýdýar.

Emma muňa garamazdan, ýurtda dörän agyr işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy we durmuşyň yzygiderli gymmatlamagy ýeňillikli bahadan goýberilýän harytlaryň hyrydarynyň barha köpelmegine getirýär.

“Türkmen režiminiň häli-şindi gijikdirýän syýasy we ykdysady reformalaryň bolmazlygy ýurtdaky dowam edýän absolýut monarhiýa dolandyrylyşynyň nogsanlyklaryny jemgyýetiň öňünde has gözgyny ýagdaýda açyp görkezip ugraýar. Hökümet ykdysady özgertmeler meselesindäki ukypsyzlygyny boýun alman, kadrlary çalyşmak bilen, hem özüni, hem halky aldamaga çalyşýar” diýip, synçy belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Prezidentiň kadr çalşygyndan soň, Balkanda ýagyň emeli satuwy ýola goýuldy
Türkmenistanda ýene kadrlar çalşyldy, syýasat öňküligine galýar
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi