Prezidentiň gorag polkundaky lebaply esgeriň öz janyna kast edendigi aýdylýar

Prezidentiň gorag polkundaky lebaply esgeriň öz janyna kast edendigi aýdylýar

Aşgabadyň harby bölümindäki prezidentiň gorag polkunda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän lebaply esgeriň öz janyna kast edip, heläk bolandygyny, merhumyň goňşusy Azatlyk Radiosyna habar berdi. “Şu ýylyň maý aýynda çagyryş boýunça harby gullugyna başlan esger geçen aý özüni asyp öldürdi. 2000-nji ýylda doglan esger Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndandy.

Ol 20-nji noýabrda etrabyň Lebap daýhan birleşiginde ýerleşýän 7-nji orta mekdebiň golaýyndaky gonamçylykda jaýlandy” diýip, anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan lebaply ýaşaýjy 6-njy dekabrda gürrüň berdi.Onuň sözlerine görä, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän mahaly öz janyna kast eden esgeriň kakasy weterinar we ejesi mekdep mugallymy bolup işleýär.

Azatlyk Radiosynda esgeriň we onuň kakasynyň, ejesiniň şahsyýeti barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.Azatlygyň söhbetdeşi lebaply esgeriň heläk bolmagyna onuň gullukdaşlary tarapyndan kemsitmelere sezewar edilmeginiň sebäp bolandygyny, ýöne bu mesele boýunça hiç zat aýtmazlyk barada merhumyň ejesine we kakasyna görkezme berlendigini hem aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden, merhumyň ejesinden we kakasyndan haýsydyr bir kommentariýa almak häzirlikçe başartmady.Türkmen goşunynda azyk ýetmezçiligi ýaly meseleler bilen bir hatarda, “dedowşina”, ýagny “ozaldan gulluk edip ýören esgerleriň täze gelenleriň üstünden agalygynyň” aradan aýrylmaýandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli ýaşaýjylar dowamly habar berýärler. Şeýle-de, türkmen goşunynda diýdimzorlugyň, urup-ýençmeleriň, esgerleriň käte harby bölümden gaçmaga mejbur edilmeginiň, hatda gümürtik ýagdaýda ölmeginiň hem saklanyp galýandygy aýdylýar. 2014-nji ýylyň iýul aýynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Türkmenistan obasynda ýaşaýan Annagül Çöliýewa (1988-nji ýylda doglan) Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde goşunda gulluk eden ýüwürjisi Ygtyýar Hydyrowyň urlup öldürilendigini, onuň jesedini gaýtadan medisina barlagyndan geçirmek barada eden talaplarynyň diňlenmändigini gürrüň beripdi. Şonda häkimiýetler Aşgabat şäheriniň alkymynda, 67720-nji harby bölümde gulluk eden, 1992-nji ýylda doglan esger Ygtyýar Hydyrowyň alkogolly içgi içmekden, boýnundaky nerw damarlary dykylyp, ýüreginiň togtamagy netijesinde ýogalandygyny aýdypdyrlar. Ýöne esgeriň garyndaşlary onuň jesedinde zorluk yzlarynyň bolandygyny aýdypdylar.

Türkmen goşunynda dowam edýändigi aýdylýan “dedowşina” meselesi barada resmi çeşmelerde hiç hili maglumat berilmeýär. Şol bir wagtyň özünde-de bu barada, umuman aýdylanda, esgerleriň özleriniň hem harby edaralara ýüzlenmekden saklanýandygy, sebäbi olaryň arz-şikaýatlarynyň diňlenmeýändigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 219-njy maddasynyň 1-nji bölümi esasynda, parahatçylyk wagtynda ýaragly güýçleriň hatarynda gulluk etmekden boýun gaçyranlara azyndan iki ýyl türme ýa-da iki ýyl zähmet-düzediş hökümi çykarylýar.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Ölen esgeriň hossarlarynyň gaýtadan medisina barlagyny geçirmek talaplary diňlenmeýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Milli žiwopis mekdebiniň halypalary: Ýakup Annanurow
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?