“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”

“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”

5-nji noýabrda geçiriljek saýlaw bäsleşiginden çekilendigini beýan eden ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Wise-prezident Kamala Harris “Prezidentiň goldawyny alandygym üçin buýsanýaryn” diýdi.

Kamala Harris mesele hakynda ýazmaça beýannama berdi.

“Jo Baýdeniň liderligi üçin sag bolsun aýdan Harris” Prezident Baýden uly höwes we watansöýerlik bilen işlemäge dowam edýär. Amerikany we halkyny hemme zatdan ýokarda görýär” diýdi.

Prezident Baýdeniň goldawyny alandygy üçin buýsanýandygyny aýdan Harris “Saýlaw bäsleşiginde ýeňiji bolmak isleýärin” diýdi.

Demokrat partiýany we ýurdy birleşdirmek üçin elinden geleni etjekdigini aýdan Harris, bäsdeşi Donald Trampy we 2025 taslamasyny ýeňmek üçin arman ýadaman işlejekdigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin
Amerikan Saýlawy
Kamala Harrisiň mitingi protest edildi
Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýdi