Prezident ýurtda oba hojalygyny ösdürmek boýunça tabşyryklary berdi

Prezident ýurtda oba hojalygyny ösdürmek boýunça tabşyryklary berdi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridigini belledi.

Oba hojalyk ministrliginiň Däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary hem-de Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi açyldy. Bu bolsa ekinleriň täze sortlaryny döretmäge, tohumçylyk işini kämilleşdirmäge uly mümkinçilik berer diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda gallaçylyk, pagtaçylyk, maldarçylyk we guşçulyk, azyk senagaty hem-de oba hojalygynyň tehniki taýdan hyzmat ediş ugurlary boýunça täze pudaklaýyn dolandyryş edaralary döredildi.Daýhanlar tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, tohum, himiki serişdeler bilen ýeterlik üpjün edilýär.

Tabşyrylýan önümler üçin wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär.Bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Ýurduň oba hojalykçy zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Döwlet Baştutany geçirilýän bu çäreleriň netijesinde, edermen türkmen daýhanlarynyň uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, şu ýyl olaryň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý, 2 müň 150 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny, gowaçanyň hem bol hasylynyň ýetişdirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, şeýle hem sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmagy dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasaryna, degişli ýolbaşçylara hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, oba hojalyk pudagynyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, maddy-tehniki binýadyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, pudagyň önümçilik kärhanalarynyň durkuny täzelemek we täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etmegi, önümiň we ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmegi, oba hojalyk ylmy-barlag institutlary tarapyndan bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany pudakda halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşleriniň we öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagy, döwlet tarapyndan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagy, ýurduň suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işleriň durmuşa geçirilmegi, suw ulgamynyň ýagdaýynyň seljerilmegi we olary gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegi babatda görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmegiň we arassalap durmagyň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmegiň, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle-de döwlet Baştutany ýurduň özboluşly ekologik ulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi, maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi, ýurtda atçylygy ösdürmäge uly üns berip, atlaryň baş sanyny köpeltmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda guramagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurtda kabul edilen maksatnamalaryň welaýatlarda öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, welaýatlarda desgalaryň we binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna we hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany täze okuw ýylynyň hem ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda ýerleşýän mekdeplerde abatlaýyş işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, şeýle hem ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Garagum kanalynyň suwy azalýar, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak kynlaşýar
Bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandy, ýeňillikli azyk paýlary gymmatlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty