Prezident we parlament saýlawlary geçiriler

30-njy oktýabrda Botswanada Prezident we parlament saýlawlary geçiriler. Bu barada “Mmegi” gazeti ýurduň häzirki Prezidenti Mokwetsi Masisi salgylanyp habar berdi. Saýlawlaryň geçirilmeli wagty ýurduň Prezidenti Mokwetsi Masisi tarapyndan kesgitlenildi. Saýlawlar 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçiriler. Ýurtda 30-31-nji oktýabr günleri dynç alyş günleri diýlip mälim edilýär.

Ýurduň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, prezidentlige dalaşgärler 28-nji sentýabrda Gaboroneniň ýokary kazyýetinde tassyklandy, parlament wekilleriniň dalaşgärlerini tassyklamak bolsa, 4-nji oktýabrda geçirildi. Häzirki parlament, täze saýlawlara taýýarlyk görmek maksady bilen 5-nji sentýabrda ýatyryldy.

Mejlisdäki häkimiýetiň deňagramlylygy ýurduň syýasy durmuşynda iň möhüm faktor bolup durýar, sebäbi Milli assambleýa – bir palataly parlament ýurduň liderini saýlaýar. Munuň üçin diňe deputatlaryň ýönekeý köplügi zerur. Botswananyň syýasy ulgamynda 5 ýyllyk möhlete saýlanan Prezident aýratyn orun eýeleýär. Ol diňe bir döwlet Baştutany bolman, eýsem hökümete hem ýolbaşçylyk edýär.

Iki milliondan gowrak ilaty bolan Botswana Respublikasy Günorta Afrikada ýerleşýän garaşsyz döwlet bolup, günortada Günorta Afrika Respublikasy, günbatarda we demirgazykda Namibiýa, demirgazyk-gündogarda Zambiýa, gündogarda Zimbabwe bilen serhetleşip, deňze çykalgasy ýok. Ýurduň 70 göterimini Kalahari çöli eýeleýär. Ýurduň paýtagty Gaborone şäheridir.

Ýene degişli makalalar

Botswanada 1080 karat agramly ak göwher tapyldy
Täze göwher tapyldy: dünýäde üçünji ýerde
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň iň rahat ýurdy