Prezident TOPH-y proýektirleýän kompaniýanyň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň CIFAL kompaniýasynyň başlygy Žil Remi kabul etdi.

Duşuşyk mahalynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, Žil Remi TOPH geçirijisiniň Owganystanyň we Pakistanyň territoriýasyndan geçýän bölegini proýektirlemek boýunça edilýän işler barada habar berdi.

Bu iş Germaniýanyň ILF kompaniýasy bilen bilelikde alnyp barylýar.

Žil Remi TOPH geçirijisiniň gurulmagyna gatnaşmak meýlini 2016-njy ýylyň iýulynda aýan etdi.

Ýatladýarys, TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy we ulanylmaga berilmegi, plan boýunça, 2019-njy ýylda amala aşyrylmalydy.Emma bu planyň öňünde dürli kynçylyklar döredi.

Gurluşyga bir tarapdan Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary wehim salýar.Mundanam başga, hindi metbugaty TOPH geçirijisiniň ulanylmaga berilmeginiň bir ýyl (2020-nji ýyla çenli) yza süýşüriljegini, sebäbi türkmen tarapynyň planlaşdyrylan möhletde maýadarlary tapyp bilmändigini habar berdi.

CIFAL — Fransiýanyň iň iri kompaniýalarynyň biri bolup, daşary söwda ugrundan işleýär. Bu kompaniýanyň ileri tutýan ugurlary nebit-gaz pudagy, şeýlede atom senagaty.

Ýene degişli makalalar

16.08.2017 | Milli Liderimiz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Cifal fransuz kompaniýasy Türkmenistan bilen täze bilelikdäki taslamalara gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan fransuz işewürlerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy