Prezident TDU-nyň täze korpusynyň açylyşyna gelmedi

Şu gün, 1-nji sentýabrda Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň täze korpusynyň açylyş dabarasy planlaşdyrylypdy.

Soňky günlerde bu töwerekdäki territoriýa yhlas bilen serenjam berildi. Jemagat hojalygy gulluklary ýollary ýuwup, eýesiz we öýsüz it-pişikleri kowalap tutmak bilen meşgullandylar.

Açylyş dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýardy.

Emma, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň berýän habarlaryna görä, döwlet baştutany açylyş dabarasyna gelmedi.

Ir sagat 5-den Nurmuhammet Andalyp we Görogly (ozalky Taras Şewçenko) köçeleriniň boýunda ellerine baýdak berlen studentler hatara düzüldi. Sagat 6-a golýa býujet edralarynyň işgärleri hem geldi.

Prezidente sagat 11-e çenli garaşdylar, emma ol barybir gara bermedi. Netijede, çäre üçin toplanan adamlary öýlerine goýberdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medalynyň eýesi bilen duşuşdy
Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki eserleri Kiýew şäherindäki kitaphana gowşuryldy
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Aşgabatda TDU-nyň täze korpusynyň açylamgyna garaşylýar. Ýakyndaky ýerlerde öýsüz jandarlary tutýarlar
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi
Doglan gününiň 207 ýyllygy mynasybetli Taras Şewçenkonyň Aşgabatdaky ýadygärligine gül goýuldy