Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen bilelikde Sian şäherindäki Dostluk seýilgähinde nar nahallaryny oturtdy.
Dabara Merkezi Aziýa — Hytaý birinji sammitiniň ahyrynda geçirildi. Döwlet Baştutanlary nar nahallaryny oturtdylar we ýadygärlik surata düşdüler. Bu barada MIR 24 habar berýär.
Bellenilişi ýaly, nar Hytaýda agzybirligiň we uzak ömrüň nyşany hasaplanýar.