
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä resmi ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
“Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga üýtgewsiz taýýardygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.