Prezident Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygyny, özara ynanyşmak hem-de açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem doganlyk halklaryň bähbidine has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işinde täze üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Birleşdiriji sport: Olimpiada Merkezi Aziýa halklarynda hoşniýetli goňşuçylyk ruhuny oýardy
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gazagystan we Özbegistan hyzmatdaşlyk barada 10 ýyllyk maksatnamany tassykladylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar