Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady, Arkadag şäherinde täze döwrebap çagalar seýilgähi gurlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Koreýa Respublikasyna baryp görer we beýleki habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady, Arkadag şäherinde täze döwrebap çagalar seýilgähi gurlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Koreýa Respublikasyna baryp görer we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady.Döwlet Baştutanynyň ABŞ-na sapary 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşindäki birinji duşuşygyna gatnaşar. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin Çyzgy hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we çagalar seýilgähini 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

3. Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentara forumyna gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 17 — 20-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

4. Türkmenistanda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär. Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ministrler Kabinetiniň mejlisinde demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

5. Türkmenistanda her ýylyň 10-njy otýabrynda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, 8-9-njy oktýabrda tutuş ýurt boýunça Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.

6. 14-15-nji oktýabr aralygynda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň döredijilik toparlarynyň we ýaş zehinleriniň gatnaşmaklarynda ilkinji kinofestiwal geçiriler. Kinofestiwalyň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, türkmen kino sungatyny ösdürmekden, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligini ajaýyp Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

7.Türkmenistanyň Prezidenti Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.Permana laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabryna çenli 18 27 ýaş aralygyndaky, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary harby gulluga çagyrylar. Şunuň bilen birlikde, şol döwürde Kanun tarapyndan bellenen möhletleri gulluk eden we çagyryş boýunça harby gullgy geçen harby gullukçylar harby gullukdan boşadylar.

Dünýäde

8.Hýu Jekman we aýaly Debora-Li Jekman 27 ýyllyk nikadan soň aýrylyşmak kararyna geldiler.Aktýorlar şahsy ösüşini dowam etdirmek üçin aýrylyşmagy meýilleşdirýändiklerini düşündirdiler. Är-aýal aýrylyşmaklarynyň hakyky sebäbini habar bermeýärler.

Biz ajaýyp we söýgüden doly nikada üç onýyllyga golaý är-aýal bolup bile ýaşadyk.Indi biziň ýolumyz üýtgeýär diýip, olar metbugatyň wekillerine habar berdiler.Aktýoryň Debora-Li Jekman bilen nikasynda iki çagasy bar 23 ýaşly ogly Oskar we 18 ýaşly gyzy Awa.

9. Argentinaly hirurg-transplantologlar özboluşly operasiýalar toplumyny amala aşyrdylar bir donordan birbada üç çaga organlary geçirdiler. Şeýlelikde, bir donor birbada üç ýaş hassanyň janyny halas etdi. Garrahan hassahanasy 1992-nji ýyldan bäri organ transplantasiýasy bilen meşgullanýar, şol döwürde müňden gowrak şeýle operasiýa geçirildi.

Sport habarlary

10.Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator 300-däki garşydaşy belli boldy. Ýarym agyr agram derejesinde tutluşyklara gatnaşýan türkmen söweşijisi polşaly Maseý Ružanski bilen tutluşyk geçirer.Garşydaşlar 8-nji oktýabrda San-Diýegoda duşuşarlar. Ýagşymyradowyň häzir bassyr iki ýeňşi bar.

Türkmen söweşijisi soňky tutluşygyny şu ýylyň mart aýynda Bellator 292-de geçirip, eminleriň biragyzdan gelen karary bilen litwaly Julius Anglikasdan üstün çykdy.Ružanski bolsa, öz gezeginde, 2023-nji ýylyň fewral aýynda Karl Murdan utuk tapawudy bilen utulypdy. 34 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator promouşen kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Türgen Bellatordaky ilkinji türkmenistanly söweşiji boldy.Onuň 20 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deň tamamlana tutluşygy bardyr.

11.Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň täze topary Muras Ýunaýted futbol boýunça Gyrgyzystanyň kubogy 2023-iň final oýnunda ýurduň häzirki çempiony Abdyş-Atadan üstün çykdy.Duşuşyk Bişkek şäheriniň baş sport meýdançasynda Dolen Omurzakow adyndaky stadionda geçirildi we 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminden Çingiz Idrisow we Artýom Serdýuk tapawutlanmagy başardylar.

Abdyş-Ata toparynyň ýeke-täk pökgüsini türkmen goragçysy Teýmur Çaryýew tora girizdi. Ýatlatsak, Bahreýniň milli ýygyndysyna garşy geçirilen dostluk duşuşygynda Çaryýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji pökgüsini tora saldy.

12.Türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy Serdar Azmun Italiýanyň Roma toparynyň resmi oýunlarynda ilkinji duşuşygyna gatnaşdy.Azmunyň ilkinji çykyşy Seriýa A-nyň 4-nji tapgyrynda Empoli bilen oýna gabat geldi.

Duşuşyk rimlileriň peýdasyna 7:0 hasabynda tamamlandy.Azmun oýnuň 84-nji minutynda Romelu Lukakunyň ornuna meýdança çykdy. Ýatlatsak, Roma 26-njy awgustda Serdar Azmun bilen şertnama gol çekilendigini yglan edipdi.

Baýeriň hüjümçisi italýan kluby bilen 12 million ýewro satyn almak mümkinçiligi esasynda, bir ýyllyk kärendesine hukugy bilen şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar
Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy, Çoganlyda täze medeni-dynç alyş seýilgähi peýda bolar, Mejlis hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi we beýleki habarlar
“Roma” ahmyrdan çykdy
Serdar Azmun Romadaky ilkinji duşuşygyny geçirdi
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkiýeli aktýor Burak Özçiwit Türkmenistana geldi