Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

30-njy sentýabrda Maldiw adalarynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Male şäheriniň häkimi Muhammet Muizu ýeňiş gazandy.Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Muizzu we häzirki Prezident Ybragim Muhamed Solih döwlet Baştutany wezipesine dalaş etdiler.

Bu ses berişlikde Muizzu 53,8%, Solih bolsa, 46,27% sese eýe boldy.Umuman alanyňda, saýlawlarda 241 müňden gowrak adam ses berip, gatnaşyk 85%-den geçdi.

Solihiň Hindistan bilen ýakynlaşmak syýasatyny öňe sürendigi, Muizzunyň bolsa Hytaý bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň tarapdarydygy barada ýerli habar beriş serişdeleri ýazdylar.

Maldiwlerde Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 10-njy sentýabrda geçirildi, ýöne esasy dalaşgärleriň hiç biri-de 50% ses alyp bilmedi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň saýlaw komissiýasy ikinji tapgyry 30-njy sentýabrda meýilleşdiripdi.

Maldiwlerde häzirki Prezident saýlawlary, 2008-nji ýylda ýurduň Konstitusiýasyna ählihalk ses berişligi barada üýtgetmeler girizileninden soň bäşinji gezek geçirilýär. Ondan öň döwlet Baştutany parlament agzalary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly saýlanýardy.

Ýene degişli makalalar

Maldiw adalarynda ýakyn ýyllarda ýüzýän şäherler peýda bolar
Ýüzýän şäher gurlar
Maldiw adalaryna gezelenç
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça ýygyndy topary Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen başlady