Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Paragwaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda dolandyryjy “Kolorado” partiýasynyň dalaşgäri Santýago Penýa ýeňi gazandy. 30-njy aprelde ýurduň saýlaw kazyýetiniň web sahypasynda mälim edilen netijeler muny doly subut edýär. Maglumatlara görä, saýlawçylaryň 43,98%-i Penýa, 27,7%-i esasy bäsdeşi Efrain Alegre ses berdi. Üçünji orunda 21,63% ses bilen Paragwaýo Kubas bar.

Paragwaýda Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgärler sesleriň köplügini gazanmaly.Saýlawlardan öňki kampaniýanyň çäginde ozalky Prezident Horasio Kartesiň hökümetinde maliýe ministri bolup işlän 44 ýaşly Santýago Penýa jenaýatçylyga garşy çäreleri güýçlendirjekdigini we 500 müň täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berjekdigini aýtdy. Şeýle-de onuň esasy wadalarynyň arasynda, ýangyjyň we gazyň bahasynyň arzanladylmagy, mugt çagalar baglary we raýatlara ýaşaýyş jaý üpjünçiligi maksatnamalary bar.

Ol özüniň iş karýerasynda Paragwaýyň Merkezi bankynda we Halkara pul gaznasynda işledi.Penýa 15-nji awgustda wezipesine girişer.

Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandes we Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa saýlawdaky ýeňşi bilen Santýago Penýany gutlap, oňa täze wezipesinde üstünlik arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Paragwaýyň täze Prezidenti wezipesine girişdi
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Tokaý ýangynlary dünýäniň biri-birinden tapawutly ýerlerinde dowam edýär
Meksikanyň häkimiýeti prezident uçaryny kärendesine bermekçi
Meksikada ýolagçy awtobusy gaýalyklardan aşak gaçdy