7-nji ýanwardaky hökümet mejlisinde ulag we aragatnaşyklar edarasynyň baş ýolbaşçysy Mämmethan Çakyýew prezidente hasabat berende, radiýogepleşikler mowzugyna degip geçdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.
Prezident sanly geçirilişiň depginini çaltlandyrmagy şeýlede ilat üçin radiýogepleşikler ulgamyny ösdürmegi tabşyrdy.
Emeldara ýagdaýlary derňemek we işleriň bolmalysy ýaly ýola goýulmagyna gözegçilik etmek buýruldy.
Soňra özüne berkidilen wezipe-borçlaryny göwnejaý berjaý etmändigi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin “Türkmenaragatnaşyk” edarasynyň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewe prezident berk käýinç yglan etdi.
Owal senagat we aragatnaşyk ministriniň orunbasary bolan Hudaýgulyýew bu wezipä 2019-njy ýylyň oktiýabrynda bellenipdi.
Mundan bir ýyl çemesi öň–sanly ykdysadyýeti ösdürmegi çaltlandyrmagy, interneti hemmä elýeterli etmegi, ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy Türkmen Älem 52°E-ni doly kuwwatynda işletmegi we onuň ikinjisini uçurmagy tizleşdirmegi prezident emeldara tabşyrypdy.The post Prezident radiýogepleşikleriň hilini ösdürmegi tabşyrdy we “Türkmenaragatnaşygynyň” başlygyna berk käýinç yglan etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.