Prezident oba hojalyk problemalary üçin welaýat häkimleriniň ählisine we ministre käýinç berdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji aprelde Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändikleri, Milli oba programmasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändikleri sebäpli” welaýat häkimleriniň bäşisine hem käýinç yglan etdi.

Mundanam başga, “Milli oba programmasyna gözegçiligi gowşadanlygy, şeýle-de geçirilýän gurluşyk işleriniň hiliniň pesligi sebäpli” gurluşyk we arhitektura ministri Söýençnazar Selimowa käýinç yglan edildi.

Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mundan öň hem regionlaryň häkimlerine oba-senagat toplumyndaky problemalar sebäbli ençeme gezek nägilelik bildiripdi.

Ýene degişli makalalar

Tegelek stol söhbetdeşligi
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi
Prezident bir topar käýinç yglan etdi we kadr çalşygyny geçirdi
26.01.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi
12.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
12.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi