Prezident nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Prezident nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Ol döwrüň talabyna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň hasabyna, ýurduň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda hereket edýän kanunlaryň seljerilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi aýdyldy. Şeýle-de daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmek maksadynda alnyp barylýan degişli işler, deputatlaryň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň netijeleri barada hem aýdyldy.

Deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, alyp barýan wagyz-nesihat işleri barada-da bellenildi. Şeýle-de milli parlamentiň ýolbaşçysy 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Prezident deputatlaryň işläp taýýarlamaly kanunlarynyň aýratynlygy barada aýtdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi