Prezident müňden gowrak tussagyň günäsini geçdi, 'syýasylar' barada maglumat ýok

Prezident müňden gowrak tussagyň günäsini geçdi, 'syýasylar' barada maglumat ýok

Türkmenistanda ýene-de müňden gowrak adamyň günäsi geçildi we anyk möçberleri aýdylmaýan işsileriň sany köpeldi.

Ýurtdaky jenaýatçylygyň ýagdaýy, sebäpleri barada açyk maglumat çap etmeýän ýurtda soňky otuz vylda prezidentiň adyndan yglan edilýän günä geçişler bir tarapdan tussaglaryň we olaryň garyndaşlarynyň iň kän garaşýan täzeligi bolsa, ikinji tarapdan lapykeçlige öwrüldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu gezek Gadyr gijesiniň öňünden iş kesilen türkmen raýatlarynyň 982-si, Türkmenistanda iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň 53-s azatlyga çykýar.

Geçen ýylyň aýagynda, Bitaraplyk baýramy mynasybetli 2078 raýatyň we 4 daşary ýurt raýatynyň günäsi geçilipdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow, ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, bu gezek hem günäsi geçilenleriň iş bilen üpjün edilmegini tabşyrdy.

Türkmenistanda soňky onýyllyklarda ýüz müňlerçe raýat türmeden geçdi we, halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, aýyplanýanlar köplenç kanun esasynda özüni gorap bilmeýär.

Öňki tussaglaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda deslapky tussaghanadan başlanýan ýowuz daraşmalar, adamlaryň dürli zorluklara we emeli kynçylyklara sezewar edilmegi netijesinde, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin “düşewüntli orunlara” öwrülen jeza öýleri on müňlerçe maşgalanyň bergi-borja batmagyna getirýär.

Alty ýyl azatlykdan mahrum edilen türkmenistanly zenanyň Moskwadaky "Memorial" merkezi bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, ol höküm çykarylandan gysga wagt soň, ejesiniň prosentine alyp beren 3 müň dollary netijesinde, nobatdaky günä geçişe düşýär.

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolmazyndan öň esasan Gadyr gijesine gabat yglan edilen prezident günä geçişleri soň her uly baýramçylyga gabat geçirilmeli edildi we ýerli ýagdaýdan habarly adamlar amnistiaýalaryň köpeldilmeginiň korrupsiýany hem kän esse köpeldendigini aýdýarlar.

"Memorialyň" Merkezi Aziýa programmasynyň aşgabatly zenan bilen söhbetdeşlik esasynda geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň başynda çap eden maglumatlaryny Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki tussaglar hem tassyk edýär.

Ýyllaryň tejribesinden görnüşine görä, ikinji prezident döwründe has ýygjamlaşan günä geçişlerde syýasy tussag ýa wyždan bendisi hasaplanýan adamlar günäsi geçilýänleriň sanawlaryna aňsat-aňsat girizilmeýär.

Mysal üçin, 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy geçirilen parahat protestiň guramaçylarynyň biri, 1996-nji ýylda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen we halkara basyşlary esasynda azatlyga çykan Gulgeldi Annanyýazow ýurtda häkimiýet çalşandan soň yzyna dolandy we serhetden bikanun geçmekde günäli tapylyp, 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Hukuk goraýjylar kesilen iş möhletiniň tamam bolandygyny, emma onuň şindi hem azat edilmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, hukuk goraýjylar aldaw bilen Aşgabada getirilen ýaş aktiwist Ömruzak Omarkulyýewiň soňky ykbaly barada alada bildirýärler.

Türkmenistanyň pandemiýa döwründe eýelän pozisiýasy bolsa, tussaglaryň saglyk ýagdaýlary baradaky aladany has-da güýçlendirýär diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

2021: Geçen ýylyň türkmen wakalaryna syn
Memorial hassahanalar zynjyry Türkiýäniň iň iri lukmançylyk merkezi
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakowyň Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edilendigine ynanýarlar
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakowyň Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edilendigine ynanýarlar
Adam hukuklaryny goraýan 30-dan gowrak gurama türkmen aktiwistlerine basyşyny bes etmegini Türkiýäniň häkimiýetlerinden talap edýärler
Stambulda ýene bir türkmen aktiwisti tussag edildi