Prezident Marynyň häkimini täzeläp, galan pagtany ýygnamagy çaltlandyrmagy talap etdi

Prezident Marynyň häkimini täzeläp, galan pagtany ýygnamagy çaltlandyrmagy talap etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky kadr çalyşmalarynyň çäginde Mary welaýatyna baryp, welaýat häkimini wezipesinden boşatdy. Şol bir wagtda-da ol soňky ýyllarda bu welaýatda “ähli ugur boýunça gowy netijeleriň gazanylandygyny” nygtaýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Mary welaýatynyň häkimi Bäşim Anngurbanow wezipesinden “başga işe geçýändigi üçin” boşadyldy, emma Sakarçäge etrabynyň häkimi M.Gulamow “işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin” diýlip, işden aýryldy.

Mary welaýatynyň häkimi wezipesine maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary bolup işlän Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň häkimiň wezipesine Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Toýly Kakajanow bellenildi, emma olaryň haýsy iş sypatlary üçin beýle jogapkär wezipelere bellenilýändigi, ozalky ýolbaşçylardan tapawutlylykda nähili öňegidişlik gazanmaga çalyşjakdygy anyklaşdyrylmady.

Bu kadr çalyşmalary Lebap welaýatynda amala aşyrylan kadr çalyşmalarynyň yz ýanyna gabat geldi. Metbugat habarlaryna görä, Lebapdaky kadr çalyşmalary, belli bir derejede, bugdaý we pagta hasyllarynyň azlygy, oba, etrap ýerlerindäki sosial meseleler bilen bagly.

Mary welaýatynda hem kadr çalyşmalara esasan şu ýagdaýlar sebäp bolana çalym edýär. Emma Lebapdan tapawutlylykda, Maryda korrupsiýada aýyplanyp, eline gandal urlan we telewideniýede görkezilen resmiler bolmady. Şeýle-de Maryda, Lebapda edilişi ýaly, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň özi we maşgalasy bilen bagly dakylan atlar aýrylmady.

Mary welaýaty Türkmenistanyň iň gür ilatly we şonuň birlikde bugdaý hem pagta planlarynyň beýleki sebitlere garanda has agdyk berilýän regiony hasaplanylýar. “Gowaçanyň sowet ýyllaryndan bäri esasy ekin bolmagy we ekerançylyk ýerleriniň aglaba bölegine gowaça ekilmegi Mary welaýatynda has kän ýeriň şorladylmagyna alyp geldi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de ol häkimieýetleriň ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesi bilen däl-de, esasan önüm öndürmek barada ýokardan berlen planyň dolmagy bilen gyzyklanýandyklaryny belledi.

Emma TDH Ministrler kabinetiniň Maryda geçirilen göçme mejlisinde oba ilatynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň seljerilendigini habar berýär.

Prezident Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, “Soňky ýyllarda Mary welaýatynda hem ähli ugurlar boýunça gowy netijeler gazanyldy”. Emma prezident welaýatda 2008—2017-nji ýyllarda gurlan desgalar barada käbir sanlary getirse-de, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň, maşgalalaryň alýan girdejileriniň ýokarlanandygyny tassyklaýan sanlary getirmedi.

Ikinji tarapdan, prezidentiň aýdan sözlerinde daýhanlaryň girdejileriniň köpelmeýändigi bölekleýin tassyk bolýar, ol oba hojalyk önümçiligini ösdürmek boýunça geçirilýän işlerde kemçiliklere ýol berilýändigini belleýär.

“Şu ýyl Mary welaýaty bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedi, ...welaýatyň 3 etrabynda pagta taýýarlamak boýunça meýilnama berjaý edilmedi” diýip, TDH Berdimuhamedowy sözlerini sitirleýär.

Mary welaýatynyň Pendi obasyndaky ýollaryň ýagdaýy

Şol bir wagtda-da prezidenti latly ýerleriň arassa agyz suwy, täze berlen mellek ýerleri, tebigy gaz, elektrik togy bilen doly üpjün edilmeýändigini, etraplarda, oba ýerlerinde köprüleri gurmak we abatlamak... boýunça netijeli işleriň alnyp barylmaýandygyny, içerki ýollaryň ýagdaýynyň ýaramazdygyny boýun alýar.

Emma muňa garamazdan, Maryda geçirilen hökümet maslahaty ýene hökümetiň öňki pozisiýasyny gaýtalady. Berdimuhamedowyň sözlerine görä, “Gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak işleriniň ýaramaz guralmagy” “welaýatda guramaçylyk işleriniň pesdigini görkezýär”.

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowyň hökümet mejlisinde aýdan sözlerinden görnüşine görä, türkmen hökümeti “meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär”.

Ýerli synçylaryň köpüsi Türkmenistanda ýokardan berilýänpagta planynyň doldurylmazlygynyň esasan daýhanlaryň iş we gazanç şertleri bilen baglydygyny, mejbury zähmet şertlerinde ýokary hasyl almagyň mümkin däldigini öňe sürýär.

Halkara hukuk toparlary resmi Aşgabady pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanmakda yzygiderli tankyt edýär.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Merw Türkiýede daşary ýurt toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýär
Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary atly ylmy-amaly elektron žurnalyň ikinji sany köpçülige ýetirildi