Prezident manady güýçlendirmegi tabşyrdy. Türkmen studentleri öz hasaplaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji dekabrda, wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe (suratda), ykdysady ösüşe itergi bermegi üçin, milli walýutanyň manadyň ornuny pugtalandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet baştutanynyň pikirine görä, milli walýuta häzir “daşarky şertler” we dünýäniň “dunuksyz ýagdaýda saklanýan” maliýe bazarlary ýaramaz täsir ýetirýär.

Şunuň bilen baglylykda, prezident Annadurdyýewe dünýäniň maliýe bazarlaryndaky ýagdaýy yzygiderli öwrenmegi, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi hem-de manadyň durnuklylygyny saklmagy tabşyrdy.

Ýatladýarys, HWF Türkmenistanyň häkimiýetlerine manadyň kursuny peseltmegi we walýuta düzgünleşdirmelerini gowşatmagy gaýta-gaýta maslahat berdi.

Emma Merkezi bank tarapyndan kesgitlenen döwlet kursy ozalkylary ýaly 1 ABŞ dollaryna 3,5 manat bolmagynda saklanyp galýar.Dollaryň “gara bazardaky” bahasy bolsa, 4,5-5 esse gymmat 16-18 manat.

Şol bir wagtda, TAH-yň maglumatyna görä, Belarusdaky türkmen studentleri indi 10 gün bäri öz hasaplaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler. Konwertasiýa çäklendirmeleri zerarly, studentler okuw we ýaşaýyş jaý töleglerini töläp bilmeýärler, indi bolsa hatda iýer ýaly zat almaga-da pullary ýetmeýär diýip, neşir ýazýar.

Studentleriň köpüsine, eger 1-nji ýanwara çenli ÝOJ-laryň öňündäki bergilerini tölemeseler,okuwdan çykarylmak howpy abanýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda mal we towuk etleri gymmatlady
Türkmenistanyň bank ulgamy elektron tölegleriniň täze görnüşlerini ornaşdyrýar
24.09.2019 | Türkmenistanyň bank ulgamy elektron tölegleriniň täze görnüşlerini ornaşdyrýar
Eýran bilen işleşýän telekeçilere walýuta konwertasiýasyny gadagan etdiler
MHM-niň tussag edilen ýokary wezipeli işgäriniň soraga çekilende ölendigi öňe sürülýär
Türkmen telekeçilerine konwertasiýa çäklendirildi