Prezident: "Heniýýe garşy ähtiýalanlyk bilen guralan hüjümi berk ýazgarýaryn" diýdi

Prezident: "Heniýýe garşy ähtiýalanlyk bilen guralan hüjümi berk ýazgarýaryn" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Hamasyň lideri Heniýýeniň hyýanatçylyk bilen janyna kast edilmegi netijesinde şehit bolmagy sebäpli sosial media hasabyndan gynanç ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan: "Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýe garşy Tähranda ähtiýalanlyk bilen guralan hüjümi berk ýazgarýaryn we näletleýärin.Bu adamyň janyna kast etmek, Palestina dawasyny, Gazanyň şöhratly garşylygyny we palestinaly doganlarymyzy hakly göreşini puja çykarmak, palestinalylary ruhdan düşermek, olary kabul etdirmäge synanyşmak bilen bagly hyýanatçylykly hereketdir.

Ozal Şeýh Ahmed Ýasine, Abdülaziz Al Rantisä we ençeme gazaly syýasatça garşy guralan hüjümleriň maksady näme bolan bolsa, Ismail Heniýýe doganyma garşy guralan hüjümiň maksady hem şoldur, emma sionist wagşyçylyk şu günki güne çenli bolşy ýaly, mundan soň hem maksatlaryna ýetip bilmez.

Yslam dünýäsiniň has güýçli ýagdaýda dik durmagy we adamzadyň alýansy bilen nesip bolsa Gazadaky zulum we genosid başda bolmak bilen Ysraýylyň geografiýamyzda amala aşyrýan terrorçylygy çürt-kesik bes ediler, sebitimiz we dünýämiz asudalyga gowuşar.

Onuň üçin Türkiye hökmünde ähli ýollary synamaga, ähli gapylary barlap görmäge we palestinaly doganlarymyzy ähli mümkinçiliklerimiz, ähli güýjümiz bilen goldamaga dowam ederis. 1967-nji ýyldaky serhetleriň esasynda, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan, erkin, özbaşdak we garaşsyz Palestina döwletiniň esaslandyrylmagy üçin işlemäge dowam ederis.

Hüjümde şehit bolan doganym Ismail Heniýýe Alladan rehnet, maşgalasyna sabyr, gazaly we palestinaly doganlarymyz bilen Yslam dünýäsine gynanç bildirýärin. Ýatan ýeri ýagty, jaýy jennetden bolsun" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
“Basyp Alyjy Terrorçylary Puşman Ederis”
Türkiýäniň Diplomatik Wekilhanalarynda Baýdaklar Ýarysyna Çenli Aşakladyldy
YHG Nobatdan Daşary Ýagdaýda Jemlenşer
Türkiye Hamasyň Lideri Ismail Heniýýeniň Öldürilmegini Ýazgardy