Prezident häkimleri bellemegiň köne tejribesinden el çekmeli - raýatlar

Prezident häkimleri bellemegiň köne tejribesinden el çekmeli - raýatlar

Prezident Berdimuhamedowyň tomsuň ortasynda, dynç almaga gitmezinden öň, ilki nobatdaky ösüş hasabatlaryny beren welaýat häkimleriniň üçüsini, soňra etrap häkimlerini we olaryň orunbasarlaryny köpçülikleýin täzelemegi, Azatlyga gowşan habara görä, raýatlaryň arasynda ýokardan bellenýän kadrlardan nägileligi’ ýene bir gezek gün tertibine getirdi. Raýatlar bu tejribäniň 'gaty könelendigini, ondan el çekmelidigini' aýdýarlar.

Diňe welaýat däl, etrap häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň hem prezident tarapyndan bellenmegi ozaly welaýat häkimleriniň öz işleşjek adamlaryny saýlap almak hukugynyň hem ýokdugyny görkezse, ikinji tarapdan, prezidentiň 'könelen tejribden el çekip bilmeýändigini aňladýar' diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri öz pikirlerini paýlaşdylar.

Ozal welaýat häkimliginde dürli wezipelerde işlän balkanly oba hojalyk hünärmeniniň pikiriçe, prezidentiň etrap häkimlerini we olaryň orunbasarlaryny wezipä belläp, wezipeden boşatmagy gülkünç’, bu onuň öz bellän welaýat häkimlerine we olaryň orunbasarlaryna kadr meselesini ynanmaýandygyny görkezýär’.

“Etrap häkimlerini beýlede dursun, welaýat häkimleri olaryň orunbasarlaryny hem wezipä belläp bilmeýär. Bu kadr meselesiniň diňe bir adamdan, prezidentden çözülýändigini görkezýär we, soň olar işini oňarmady’ ýa işinde düýpli kemçilik goýberdi’ diýilse, bu hakykatda prezidentiň öz işini başarmaýandygyny aňladýar" diýip, ozalky emeldar aýtdy.

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda, anonimlik şertinde gürleşen birnäçe hünärmeniň, öňki emeldarlaryň tassyklamagyna görä, welaýat, etrap häkimleriniň özüne ynanylan wezipäni başarmady’ diýlip işinden boşadylmagy dogry däl, sebäbi olara aslynda wezipe ygtyýary ynanylmaýar’.

“Welaýat, etrap häkimleri, olaryň orunbasarlary hemişe milli howpsuzlyk işgärleriniň berk gözegçiligi astynda saklanylýar.Olaryň hiç biri erkin hereket hem edip bilmeýär.Soňky iki prezident döwründe welaýat, etrap häkimleriniň halk bilen duşuşmagy hem gadagan edildi.

Adamlar ýerli häkimleri tanamaýarlar.Nyýazow döwründe welaýat häkimleri halk bilen, daýhanlar bilen ýygy-ýygydan ýygnak geçirerdi, adamlary, ýeri öwrenerdi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi soňky häkimleriň diňe göz üçin bellenilýändigini, olaryň ýygy-ýygydan täzelenmeginiň adaty biznese’ öwrülendigini hem sözüne goşdy.

Balkanly hünärmeniň tassyklamagyna görä, häzir häkimler diňe öz garamagyndaky jogapkär ýolbaşçylar bilen ýygnak geçirip bilýär, şol bir wagtda-da olaryň daýhanlaryň ýer, suw meselelerini, beýleki meselelerini çözmek mümkinçilikleri ýa ygtyýarlyklary örän çäkli’, köp adam welaýat, etrap häkimlerine ýüz tutmagyň hiç bir netije bermejekdigini bilýär, ýöne başga alaç tapman gelýär.

“Kärende ýerleri üçin suw sorýan nasos sorap, ýaplary gazmak üçin ekskowator berilmegini sorap, bereketli daýhanlar welaýat häkimine ir baharda ýüz tutdular. Häzirki welaýat häkimi olara bu zatlary etmäge meniň ygtyýarym, mümkinçiligim ýok’ diýip jogap berdi. Eger şeýle bolsa, häkim nämä gerek?” diýip, bir daýhan Azatlyga aýtdy.

Habarçy bilen gürleşen raýatlaryň köpüsi oba hojalygynda saklanyp galýan kynçylyklary ýokardan bellenilýän we hiç meseläni çözmeýän kadrlar bilen baglanyşdyrýar.

“Oba hojalygynda hiç öňe gidişligiň bolmazlygynyň esasy sebäbi häkimleriň halk tarapyndan saýlanman, ýokardan bellenmeginde, ähli zadyň bir adam tarapyndan dolandyrylmagynda. Goý, adamlara ynanmaýan bolsa, welaýatlara, etraplara hem prezidentiň özi häkim bolsun” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, häkimleri saýlamak halkyň ygtyýaryna berilmeli, bu hili meselelere prezident däl, parlament gözegçilik etmeli; saýlanan häkimiň öz orunbasarlaryny seçip almak we wezipä bellemek, sebit býujetine eýeçilik etmek ygtyýary bolmaly, ol öz welaýatynda adamlar bilen islän wagty, islän ýerinde duşuşyp, gürleşip, mesele çözüp bilmeli.

“Bir adamyň depede oturyp, islän adamyny, her öňýeteni islän ýerine häkim belläp, biraz wagtdan ony iş oňarmazykda aýyplap, täze birini getirmegi, öz wezipä bellen adamlarynyň eden işleri hakynda halka hiç bir hasabat bermezligi awtokratlykdan başga hiç zat däl” diýip, balkanly söhbetdeşimiz aýtdy.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen intelligensiýa wekiliniň sözlerine görä, ýolbaşçy wezipelere bellenýän adamlardan adatça täze wezipede nähili işlejekdigi soralýar we şonda olaryň baran ýerinde hiç bir üýtgeşiklik etmejekdigi belli bolýar. “Dogry, olaryň şol bir ýat tutulan sözleri gaýtalamagy prezidenti kanagatlandyrýar, ýöne bu ýagdaý adamlarda ajy gülki döredýär’, prezident indi bu könelişen tejribeden el çekmeli’ diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzly şalyçylar suw arzlarynyň diňlenmeýändigini aýdýarlar
Lebapda polisiýa işgärleri patrul ulaglaryny öz hasabyna bejermeli
Balkanly býujet işgärleri we studentler dynç güni köpçülikleýin pagta çekildi
Sil suwlary daglyk sebitlere zeper ýetirdi, Magtymguly etrabynyň obalary zyýan çekdi
Marylylara üç, lebaplylara iki aý bäri paýlanmaýan un bazarlarda “aç-açan satylýar”
Aşgabatda bilim resmileri sadakalary “metjitlere däl-de, mekdeplere bermegi ündeýär”