Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherinde "Maksat 2053, anyk nol zyňyndy, Ylmy-derňew we innowasiýa başlangyjy" koordinasiýa maslahatynda söz sözledi.
Ýurt derejesinde ýaşyl galkynyş başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge başlandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Çeşmelerimizi netijeli ulanyp, ylmy-derňewi we innowasiýa işlerini goldap, 2053-nji ýylda nol zyňyndy maksatlaryna tarap ýolumyzy dowam etdireris" diýip habar berdi.
Ylym we tehnologiýa ugry boýunça maksatlaryna ýetmek bilen çäklenmän, aglaba ugur boýunça has hem öňe gidişlik edendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Ylymyň we tehnologiýanyň lokomotiwi bolan goranmak senagatyndaky üstünliklerimiz onuň iň möhüm subutnamasydyr" diýip belledi.
Türkiye asyryna ylym we tehnologiýada ýetilen sepgitleriň saýasynda güýçli bir ýagdaýda girendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Syýasatdan ykdysadyýete, sosial ugurdan tehnologiýa çenli ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetmegi maksat edinýäris" diýip nygtady.
Ellerindäki mümkinçilikleri we çeşmeleri ähli adamzadyň hyzmatyna hödürlejek bir düşünje bilen hereket etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Koronawirus epidemiýasy döwründäki edenlerimiz bilen, Russiýa-Ukraina söweşi zamanyndaky pozisiýamyz bilen we galla geçelgesi başda bolmak bilen durmuşa geçiren oňyn ädimlerimiz bilen şony subut etdik" diýip mälim etdi.