Prezident Erdoganyň Gutlagy…

Prezident Erdoganyň Gutlagy…

Prezident R. T. Erdogan, ýurtda, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we asudalygyň ýola goýulmagy we adalat üçin halkyň medeni we taryhy gymmatlyklaryna laýyklykda tagalla etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Prezident Erdogan, 29-njy oktýabar Respublika baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Türkiýede we daşary ýurtlarda ýaşaýan ähli raýatlaryň Respublika baýramyny gutlan Erdogan, “Ýurdumyzda we dünýäniň çar tarapynda biziň baýramymyzy gutlan, şatygymyza şatlyk goşýan dostlarymyza we myhmanlarymyza ýurdumyň we halkymyň adyndan sagbolsun aýdýaryn. Şu gün Respublikamyzyň täze asyrynyň ilkinji ýylyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris we bu şanly günümüz bilen buýsanýarys” diýdi.

Respublikanyň 101 ýaşy bilen gutlan Prezident Erdogan, müňlerçe ýyllyk döwletler däbiniň soňky we ebedi halkasy bolan Respublikanyň esaslandyryjysy Gazi Musfata Kemal Atatürkiň başda durmagynda ähli egindeşlerini uly hormat bilen hatyralaýandygyny belledi.

Malazgirtden şu günki güne çenli garaşsyzlyk we gelejek üçin janlaryny pida eden ähli şehitlere we gahrymanlara Alladan rehnet dileýärin diýen Erdogan, “Goranyş senagatymyzyň esasy guramalaryndan biri bolan TUSAŞ-a guralan hüjümde şehit bolanlar bilen birlikde garaşsyzlymyz üçin öz janlaryny pida eden doganlarymyz biziň kalbymyzda baky ýaşar” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi