Prezident Erdoganyň BMG-daky Taryhy Çykyşy…

Prezident Erdoganyň BMG-daky Taryhy Çykyşy…

Prezident Erdogan, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine “Gazadaky genosidiň öňüni almak we bu zulumy bes etmek üçin näme garaşýarsyňyz” diýip ýüzlendi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasy agza ýurtlaryň liderleriniň Nýu-Ýorkdaky oturluşygy öz işine başlady.

Oturluşykda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşden we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň çykyşyndan soň Prezident R. T. Erdogan çykyş etdi.

Çykyşyna “Kimidir biriniň biynjalyk bolýandygyna garamazdan şu gün bu ýerde adamzadyň kürsüsinden we adamzadyň adyndan käbir hakykatlary açyk-aýdyň aýtmak isleýärin” diýip başlan Erdogan “BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, Gazada genosidiň öňüni almak, bu zulumy we wagşyçylygy bes etmek üçin eýsem nämä garaşýar?

Palestin halky bilen birlikde öz raýatlarynyň janyna wehim alýan bu genosit toparyny durdurmak üçin eýsem nämä garaşýarsyňyz?”diýdi.

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gazanyň dünýäniň iň uly zenan we çaga gonamçylygyna öwrülendigini nygtan Erdogan, “Bir döwüm çörek we bir käse çorba tapyp bilmändigi üçin gazaly ýüzlerçe çaga öldürilýär. Günbataryň goldaýan gymmatlygy ýok bolýar” diýip duýduryş berdi.

Ysraýylyň hökümetiniň adam hukuklaryna äsgermezçilik edip bir millete garşy etniki arassaçylyk we genosid edýändigini ýatladan Prezident Erdogan “Mundan 70 ýyl ozal Germaniýada Gitlere nähili garşy durlan bolsa şu günki günde Ysraýylyň Premýer-ministr Binýamin Netanýahu we jenaýatçy toparyna garşy durulmaly” diýip çagyryş berdi.

Prezident Erdogan, “Paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz, özygtyýarly we bitewi Palestina döwletiniň gurulmagy meselesi yza süýşürlip bilinmez. Musulmanlaryň ynançlary sebäpli nyşana alynmagyna nähili garşy durýan bolsak, antisemitizme garşy hem edil şonuň ýaly garşy durýarys” diýdi.

Prezident Erdogan “Palestinany ykrar etmedik ýurtlara, gysga wagtda taryhyň dogry tarapynda durup Palestina döwletini ykrar etmekleri üçin çagyryş edýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Netanýaha Alkyş Aýdanlary Berk Ýazgardy
Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ysraýyla Bardy
Erdogan: "Trampdan ozalky dolanşygyň ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys" diýdi
“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”