Prezident Erdogan, sentýabr aýynda aradan çykan Portugaliýanyň ozalky Prezidenti we BMG-nyň Medeniýetler Alýansynyň ilkinji Ýokary wekili Žorže Sampaýuny hatyralama çäresine wideo ýüzlenme ugratdy.
Erdogan, Žorže Sampaýuny hatyralamak maksady bilen BMG-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Baş merkezinde görkezilen wideo ýüzlenmesinde, Žorže Sampaýunyň aradan çykmagy sebäpli örän gynandygyny beýan etdi.
Sampaýunyň maşgalasyna, Portugaliýanyň halkyna we BMG-na gynanç bildiren Erdogan, Sampaýunyň Portugaliýanyň demokratik taryhynda möhüm roly öz üstüne alan adatdan daşary bir adamdygyny beýan etdi.
"Hormatly Sampaýu 2007-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli ýerine ýetiren işleriniň dowamynda, Medeniýetler Alýansynyň konseptual esasynyň emele getirilmegi, guramalaşdyrylmagy, işleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ugrunda möhüm işler amala aşyrdy.Medeniýetler Alýansynyň halkara parahatçylyga hyzmat etjek bir gurluşa öwrülmegi üçin tagalla etdi" diýip aýdan Erdogan: "Yslam duşmançylygynyň, rasizmiň, antisemitizmiň we daşary ýurt duşmançylygynyň artan bu döwürde, Medeniýetler Alýansynyň maksatlaryna we öňe süren gymmatlyklaryna hemişekiden has köp zerurlyk bar. 16 ýyl ozal tohumlary atylan bu başlangyç, dünýäniň başyndan geçirýän krizislerine möhüm bir çykalga ýoluny öňe sürýär" diýip belledi.