Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, takmynan 6 müň adamyň şol bir wagtda ybadat edip biljek, deňize ýakyn ýerde gurulan metjidiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, döwürler üýtgesede türk milletine garşy edilýän duşmançylygyň çuňlugynyň hiç hili üýtgemändigini habar berdi.
Türkiýäniň baýdagyna çydam edip bilmeýänleriň, milletiň jebisligine, agzybirligine hüjüm etmäge başlandygyny, metjitlere hüjüm guramakdan çekinmeýändiklerini aýdan Erdogan: "Jebisligimize zeper ýetirip bilmezler. FETÖ-den PKK-a çenli Türkiýä garşy bolan duşmanlaryň ulanýan näçe terror guramasy bar bolsa, olar ilki bilen metjitlerimize, milletimiziň dinine, din işlerine, ynanjyna hüjüm etdiler" diýip aýan etdi.
Prezident Erdogan: "Özbaşdaklygymyza göz dikýänleri nähili puşman etdiren bolsak duzumyza, işimize, çöregimize, asudalygymyza göz dikýänleri hem şolar ýaly puşman etdirmek biziň borjumyzdyr" diýip belledi.