Prezident Erdogan Ysraýylyň premýer ministriniň ABŞ-nyň kongresindäki çykyşy barada beýannama berdi

Prezident Erdogan Ysraýylyň premýer ministriniň ABŞ-nyň kongresindäki çykyşy barada beýannama berdi

Prezident Erdogan Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ABŞ-nyň kongersindäki çykyşynyň üstünde durup geçip: "Amerikanyň kongresinde genosid jenaýatçysy bir ganhoryň nähili alkyşlanandygyna bütin dünýä tomaşa etdi, gördük. Aslynda kim alkyşlanmaly? Adamzada hyzmat edýänler alkyşlanmaly" diýip nygtady.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Atatürk medeniýet merkezinde Ýokary tehnologiýa höweslendiriş programmasynyň tanyşdyrylyş maslahatynda çykyş etdi.

Prezident Erdogan: "Gazada 16000-i bigünä çaga bolan asuda ilatdan 40000 adam ýogaldy.Genosidiň öňüni takmynan 10 aý alyp bolmady.Ine Amerikanyň kongresinde genosid jenaýatçysy bir ganhoryň nähili alkyşlanandygyna bütin dünýä tomaşa etdi, gördük.

Aslynda kim alkyşlanmaly?Adamzada hyzmat edýänler alkyşlanmaly. 40000-e golaý çaga, zenan, ýaşuly bu adamlary öldürenleri pikir ediň, wekiller mejlisi alkyşlaýar.Beýleki tarapdan bolsa wekiller mejlisiniň daşynda olara garşy bir çemeleşme bar.

Bu dünýäniň nirä barýandygyny görkezýär. 7-nji oktýabrdan bäri adamlar kinoteatrda kino-filme tomaşa edýän ýaly çagalaryň, zenanlaryň, entek hassahanada bolan bäbekleriň öldürilmegine uzakdan tomaşa edilýär.Olaryň ganhory bolan Netanýahu Amerikada alkyşlanýar.

Bu nahili ýagdaý?Oňa düşünmek mümkinmi?Hany demokratiýa?Hany azatlyk?Hany adam hukuklary?Hany adam hukuklary beýannamasyndaky yzly-yzyna ýazylan maddalar? Ählisi bir ýanda dursun welin, onça el çarpmaklary näme" diýip nygtady.

Prezident Erdogan: "Gyrgynçylygy duruzmak beýlede dursun, elinde 150 000 gazalynyň gany bolan bir gassaby kongresine kabul edýän, bu jenaýatçynyň çykyş etmegine rugsat berýän, onuň bilen çäklenmän, biderek sözler bilen dolan çykyşyny uly şowhun bilen 57 gezek aýakda alkyşlaýan akyl we wyždan tutulmagy bilen ýüz-ýüzediris.

Gürlemeli bolsa bütin dünýä demokratiýa we adam hukuklary babatynda sapak berýänler, döwrümiziň Gitlerini arşa çykaryp, birazajyk hem bolsa utanmaýarlar. 40000 adamyň ganhoryny gahryman ýaly myhman edip, ýüzleri hem gyzarmaýar.

Adalat ýok, hukuk ýok, düzgün ýok, merhemet, hoşniýetlilik, wyždan ýok.Parahatçylyk üçin jogapkärçiligi öz üstüne almak ýok.Adamzadyň umydyny artdyrjak hiç hili tagalla ýok.Zalymyň zulmy sebäpli hormatlanýan ýaly ezilenleriň hukugynyň äsgerilmeýän bir dälilik ýagdaýyna ählimiz bilelikde şaýatlyk edýäris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Gaziantepde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi
Prezident Erdoganyň BMG-daky Taryhy Çykyşy…
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär