Prezident Erdogan Yslam ýurtlaryna çagyryş berdi

Prezident Erdogan Yslam ýurtlaryna çagyryş berdi

Prezident Erdogan wezipesi Iýerusalim dawasyna eýe çykmak bolan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň günsaýyn artýan Ysraýylyň hüjümlerine biperwaý garmajakdygyny belläp, guramanyň has köp wagt sarp etmeden liderler derejesinde ýygnanmagyny we Yslam dünýäsiniň tutanýerli tutumyny orta goýmagynyň gyssaglydygyny beýan etdi.

Gazada ýaraşygyň ýola goýulmagy we kömekleriň päsgelçiliksiz girmegi üçin alyp barýan araçylyk tagallalarynda Müsüriň resmilerine goldaw berýändiklerini aýdan prezident Erdogan: "Ysraýylyň giňelmek syýasatyny tizleşdiren bir zamanada, biz ähli sebit ýurtlary hökmünde raýdaşlyk liniýasyny berkitmelidiris. 12-nji aýa giren Gazadaky genoside garşy Yslam dünýäsiniň has tutanýerli bir tutum alyp barmagy üçin tagallalarymyzy tizleşdirdik" diýip habar berdi.

Erdogan Ysraýylyň hökümediniň basypalyjylyk we okkupirleme syýasatyny ilkinji kybla bolan Aksa Metjidini hem öz içine aljak görnüşde giňeltmek isleýändigini indi has anyk göz ýetirilendigne ünsleri çekip: "Aksa metjidine garşy sionistleriň reýdleri we basyşlary artýar. Olaryň ählisine ýakyndan gözegçilik edýäris" diýip mälim etdi.

Iýerusalimiň özleri üçin soňky çäkdigini aýdan prezident Erdogan: "Wezipesi Iýerusalim dawasyna eýe çykmak bolan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy günsaýyn artýan Ysraýylyň hüjümlerine biperwaý garamaz. Guramanyň has köp wagt sarp etmeden liderler derejesinde ýygnanmagy we Yslam dünýäsiniň tutanýerli tutumyny orta goýmagy hökmanydyr. Şonuň bilen baglanşykly işlerimizi dowam etdireris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

YHG Nobatdan Daşary Ýagdaýda Jemlenşer
Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artýar
“Palestinaly Doganlarymyzy Asla Ýalňyz Goýmarys”
Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdi
Britaniýanyň Daşary Işler Ministri Palestinada Saparda Boldy
Eýranda Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 95 Adama Ýetdi