
Prezident Erdogany Bagdat Halkara howa menzilinde Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şia as-Sudani we beýleki resmiler garşyladylar.
Prezident Erdogan soň bolsa kärdeşi Abdüllatif Reşid bilen duşuşyk geçirdi.
Prezident Erdogan soň bolsa Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şia as-Sudani bilen duşuşyk geçirer.
Erdogan we Sudani umumy metbugat ýygnagyny geçirerler, iki ýurduň arasynda ylalaşyk resminamalaryna gol çekiler.
Prezident Erdogan Bagdatdan soň Erbil şäherine sapar gurar.
Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şia as-Sudaniniň çakylygyna laýyklykda guralýan saparda iki ýurduň arasynda 30-a golaý ylalaşyk resminamasyna gol çekilmegine garaşylýar.
Erdoganyň taryhy saparda iki ýurduň arasynda howpsuzlygyň başda durmagynda söwda gatnaşyklary we suw meselelerinde giňişleýin pikir alyşjakdygy habar berilýär.