Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa as-Sudani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň ilkinji nobatda serhetlerinde asudalygyň goralmagyna we asuda ilatyň ýitgi çekmezligine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Siriýanyň jebisligine, durnuklylygyna we bitewiligine uly ähmiýet berilýändigini we bu mesele boýunça Yrak bilen şol bir garaýşa eýediklerini aýdan Erdogan, Siriýanyň hökümetiniň ýagdaýyň has-da çuňlaşmazlygy üçin syýasy etaba gönükmelidigini nygtady.

Prezident Erdogan, Siriýada başdan geçirilýän wakalardan peýdalanmak isleýän terror guramasy PKK-a we tarapdarlaryna garşy Türkiýäniň egilşiksiz göreşini dowam etdirjekdigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Awstriýanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny