Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi

Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi

Prezident Erdogan, Türkiyäniň garaşsyzlygynyň we gelejek göreşiniň şahsyýetleriniň elmydama ýaşlar bolandygyny aýtdy.

Ylymda, sungatda, metbugatda soňky döwürde esasan hem sportda ýaşlaryň öň hatara çykýandygyny ýatladan Prezident Erdogan: "Ýaşlarymyz ýurduň syýasy we býurokratik karar bermek mehanizmlerinde indi has köp jogapkärçilik alýarlar" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan: "Entek 21 ýaşynda bolan mahaly Stambuly zabt edip, täze eýýam açyp, köne eýýamy ýapan (Fatih Soltan Mehmet ýaly) ýaşlar taryh boýy bu milleti ýeňişden ýeňişe, üstünlikden üstünlige ýetirdiler.

Gazy Mustafa Kemalyň 19-njy maý uçgunyny ýakan Garaşsyzlyk fakeli ýaşlarymyzyň egninde bütin Anadola ýaýrady, ähli ýürekleri gurşap aldy, ýaşlarymyzyň pidakärligi we eýe çykmagy bilen ýeňişe ýetildi" diýip beýan etdi.

Ýaşlaryň ähli ugurlarda şu günki gündede iň öň hatardadygyny aýdan Prezident Erdogan: "Harby birikmelerde iş alyp barýan polisiýa işgärlerimiziň we žandarma güýçlerimiziň aglabasy siziň ýaşdaky ýaşlardan ybaratdyr. Goranyş senagatynda buýsanç çeşmesi bolan ençeme taslamada ýaş inženerlerimiziň tagallasy we zähmedi bardyr" diýip habar berdi.

Soňky ýyllarda ýaşlar bilen bagly amala aşyrylýan maýa goýumlaryň üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Mileltimiziň iň uly umydy sizsiňiz" diýip belledi.

Sporda ýetilen sepgitleri ýatladan Prezident Erdogan, 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryny göz öňünde tutup: "Üstünlik sanawymyza Parižde nesip bolsa täze ýyldyzlar goşarys. Bu meselede men türgenlere ynanýaryn. Sizden bizi buýsandyrjak buşlukly habarlara garaşýarys" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Sisiniň Ankara Sapary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Ysraýyl Gaza urşuna goşant goşan afrikaly we hindistanly bosgunlara ýaşaýyş rugsadyny berýar
Erdogan: "Türkiye global güýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýar" diýdi