Prezident Erdogan Wengriýada Saparda Bolýar

Gyrgyz Respublikasyna guran saparyndan soň düýn agşamara Wengriýa giden Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Budapeştde Ýewropa syýasy toparynyň 5-nji sammitine gatnaşdy.

Prezident Erdogan Budapeştde dürli sport bäsleşiklerine we konferensiýalara ýer eýeçiligini eden Puskas Arenada 50-ä golaý döwlet we hökümet baştutatynyň gatnaşmagynda geçirlen sammitiň çäginde özara duşuşyklar hem geçirdi.

Prezident Erdogan Budapeştde ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar bilen Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde NATO-nyň Baş sekretary Mark Ruttäni kabul etdi.

Kabul edilşikde NATO-nyň gün tertibinde esasy orun eýeleýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
NATO-nyň Täze Baş Sekretary Rutte Ilkinji Resmi Saparyny Ukraina Gurady
NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl