Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Ýewropa syýasy toparyň maslahatyna gatnaşmak üçin Wengriýa giden Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde möhüm duşuşyklar geçirdi.
Prezident Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gollandiýanyň Premýer-ministri Dik Şuf we Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen bilen duşuşdy.
Prezident Erdogan bilen Emmanuel Makron duşuşykda Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan duşuşykda, Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy geçmişe eýedigini, söwda we ykdysady taýdan edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň iki ýurt taýdan hem bähbitlidigini belledi.
Prezident Erdogan duşuşykda, Türkiýäniň ÝB-ne doly agzalyk etabynyň depgininiň güýçlendirilmegine, ÝB bilen Türkiýäniň arasynda Gümrük Bileleşiginiň gaýdatdan gözden geçirilmegine we türk raýatlaryna wiza erkinliginiň döredilmegi boýunça berlen wadalaryň ýerine ýetirilmegine garaşýandyklaryny nygtady.
Erdogan, Ukraina-Russiýa, Ysraýyl-Palestina, Ysraýyl-Liwan söweşiniň we şuňa meňzeş dartgynlyklaryň parahatçylykly ýagdaýda çözülmeginiň iki ýurt taýdan hem bähbitli bolandygyny ýatlatdy.
Prezident Erdogan Budapeştde Gollandiýanyň Premýer-ministri Dik Şufy kabul etdi.
Kabul edilşikde Türkiýe bilen Gollandiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler seljerildi.
Prezident Erdogan, özara gatnaşyklary ösdürmek, söwda mukdaryny artdyrmak, goranyş senagatynyň başda durmagynda ähli ugurlar boýunça edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.
Prezident Erdogan bilen Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi, Ysraýylyň Gazanyň başda durmagynda Palestina we Liwana guraýan hüjümleriniň bes edilmegi, Ysraýyla syýasy we diplomatiýa taýdan edilýän basyşlaryň artdyrylmagy hakynda pikir alyşdy.