BRICS-iň liderler sammitine gatnaşmak üçin Tatarystana giden Prezident R. T. Erdogan iş saparynyň çäginde özara duşuşyklar geçirýär.
Prezident Erdogan Kazan EXPO merkezinde Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro bilen duşuşdy.
Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşyga Daşary işler ministri Hakan Fidan, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Söwda ministri Ömer Bolat hem gatnaşdy.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, duşuşykda Türkiýe bilen Wenesuelanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.