Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär

ABŞ-da geçirilýän NATO-nyň Liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Waşington şäherine giden Prezident R. T. Erdogan möhüm duşuşyklar geçirýär.

Liderler ilki Walter Edward Waşington kongres merkezinde duşuşdy.

NATO-nyň 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän sammitde resmi garşylama dabarasy geçirildi.

NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary NATO Atlantik geňeşiniň oturlyşygyna gatnaşdy.

Oturlyşyga Prezident R. T. Erdogan hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan sammitiň çäginde ilkinji duşuşygyny Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis bilen geçirdi.

Erdogan duşuşykda, Türkiýe bilen Gresiýanyň goňşuçylyk we arkalaşyk syýasatyna esaslanýan gatnaşyklaryny ösdürmek üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Ukrainadaky we Palestinadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň artdyrylmalydygyny nygtap, çaknyşyklaryň bes edilmeginin sebitde ýerleşýän ýurtlaryň parahatçylygy taýdan diýseň möhümdigini belledi.

Prezident Erdogan ikinji duşuşygyny bolsa Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen geçirdi.

Erdogan duşuşykda özara gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, sebitdäki dartgynlygyň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin Türkiýäniň elinden geleni edýändigini, bu meselede ähli ýurtlaryň birlikde tagalla etmelidigini nygtady.

Prezident Erdoganyň Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen bolan duşuşygynda Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri we Ukraina-Russiýa söweşi meselesi gün tertinine getirildi.

Erdogan, hüjümleriň bes edilmegi üçin Ysraýyla basyş edilmelidigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
“Parahatçylyk Üçin Hemaýatkärlige Taýar”
Sançez NATO-ny Durnukly Bolmaga Çagyrdy
Prezident Erdogan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystana gider
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
ABŞ, Germaniýa “Tomahawak” Raketalaryny Ornaşdyrar