Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

ABŞ-da geçirlen NATO-nyň liderler sammitine gatnaşmak üçin Waşingtona giden Prezident R. T. Erdogan iş saparynyň çäginde möhüm duşuşyklar geçirdi.

Prezident Erdogan sammitiň birinji güni Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols we Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen duşuşdy.

Erdogan, ýene-de bir gezek Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygynyň öňüniň alynmalydygyna ünsi çekdi.

Prezident Erdogan sammitiň ikinji gününde hem möhüm duşuşyklar geçirdi.

Prezident Erdogan sammitiň çäginde düýn Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Ukraina-Russiýa söweşinde ýetilen sepgit ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan, Ukraina-Russiýa söweşiniň bes edilmeli üçin tagalla etmäge dowam edýändiklerini ýatlatdy. Türkiýäniň parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýardygyny nygtady.

Prezident Erdogan, Gara deňiz galla geçelgesi başlangyjynyň gaýtadan dikeldilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Prezident Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen bolan duşuşygynda Ukraina-Russiýa söweşi we Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan duşuşykda, Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn artdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň depgininiň güýçlendirilmelidigini aýdan Erdogan bu mesele boýunça Türkiýä goldaw berilmelidigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan Waşintonda Britaniýanyň täze Premýer-ministri Keýr Starmeri hem kabul etdi.

Erdogan kabul edilşikde, Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny arzuw edýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan Britaniýanyň Premýer-ministri Starmeri täze wezipesi bilen gutlap alyp barjak işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.

Erdogan sammitiň soňky gününde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen hem gysga söhbet etdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan Zelenskiý bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
Prezident Erdogan Ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiýede Saparda Bolar
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi