Prezident Erdogan, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Prezident Erdogan, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew resmi sapar bilen Ankara geldi.

Prezident R. T. Erdogan, myhman ministr Raşid Meredowy Çankaýa köşgünde kabul etdi.

Kabul edilşige Daşary işler ministri Hakan Fidan hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow saparynyň çäginde Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşar.

Hakan Fidan bilen Raşid Meredow duşuşykda 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetilmegi üçin alnyp baryljak işler hakynda pikir alyşar.

İki kärdeş, türkmen gazynyň Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna akdyrylmagyny göz öňünde tutýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin görüljek çäreleri ara alyp maslahatlaşar.

Duşuşykda mundan başgada Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň başda durmagynda sebitara we halkara guramalar derejesinde edilýän hyzmatdaşlyk giňişleýin seljerler.

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler hem Türkmenistanyň Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen duşuşar.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyk bilen birlikde sebitara goranyş we howpsuzlyk meseleleriniň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Türkiyäniň Prezidenti Müsüriň Daşary işler ministrini kabul etdi
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Türkiye, Somali-Efiopia gepleşikleriniň birinji tapgyryna ýer eýeçiligini edýär
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Türkiýede Saparda Bolar
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Ankara Geldi