Prezident R. T. Erdogan, telefon diplomatiýasyny Gurban baýramynda hem dowam etdirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan baýramda DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Palestinanyň Prezident Mahmud Abbas, Ysraýylyň Prezidenti Isak Gersog we Premýer-ministri Lapid, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al Suud, Gwineýa Bisaunyň Prezidenti Umaro Embalo, Demokratik Kongo Respublikasynyň Prezidenti Tsisekedi, Pakistanyň Premýer-miistri Şahbaz Şerif, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Tanzaniýanyň Prezidenti Hassan, Liwanyň Premýer-ministri Nejib Mikati, Birleşen Arap Emirleriniň döwlet Ýolbaşçysy Şyh Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan we Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Birek-biregiň Gurban baýramyny gutlan liderler telefon söhbetdeşliginde özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.